Ýoga — bu gadymy söz bolup, ol „birleşmek“, „birikdirmek“, „seplemek“, diýen manyny aňladýar. Sportuň bu görnüşi ilkinji gezek Hindistanda döräpdir. Ýoga soňabaka diňe bir hindi medeniýetiniň aýratynlygy bolman, dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly uly meşhurlyga eýe bolýar.
Ýoganyň birnäçe görnüşleri bolup, ol ýörite adamyň ýaş aýratynlygyna baglylykda ýerine ýetirilýär. Aglaba adamlaryň ýoga hakyndaky düşünjesi: „Ýoga esasan garry adamlara ýa-da göwrelilere niýetlenen ýönekeý fiziki maşk“ diýip pikir edýärler. Ýöne bu düşünje düýbünden ýalňyş. Ýoga saglygyň sakasy bolup, ol birnäçe keselleriň öňüni almak we bejermekde hem orny örän uludyr. Çünki ýoga bilen yzygider meşgulanylanda, bedende deňagramlylygyň, çydamlylygyň we berkligiň döremegine ýardam edýär. Şeýle-de içki agzalaryň işjeňligini ýokarlandyryp, olaryň sazlaşykly işlemegine getirýär. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamyny berkidýär, beden myşsasynyň çeýeligini artdyrýar. Has dogrusy, muny geçirilen barlaglar aýdyňlygy bilen subut etdiler. Lukmanlar bolsa ýaşyna, fiziki taýýarlygyna garamazdan islendik adama ýoga maşklaryny geçmegi maslahat berýär.
Ýöne ýoga maşklaryny dogry-düzgün ýerine ýetirmek hem zerurdyr. Ol ýörite tälimçiniň gözegçiliginde bolup, ýerine ýetirilende, oturylyşyň doly kada laýyk bolmaly we dem alşy dogry, herekete görä ýerinde ulanmaly. Bu bolsa degna ulgamynyň işleýşine, ýagny rahatlandyrmakda-da aýratyn peýdalydyr. Şeýle-de bilde, döş kapasasynda döreýän dowamly agyrynyň hem-de hem-de oňurga gyşarmasynyň öňüni alýar.
Ýoga diňe bir bedenimiziň owadanlygyny saklamaga ýardam etmän, uzak günki işden ýadawlygymyzy „el bilen aýran“ ýaly edäýýär. Ol stresiň bedene berýän howpuny azaltmaga-da ähmiýetlidir. Hususan-da, ýoganyň „asana“ görnüşi bedeniň içki agzalarynyň owkalanmagyna oňyn täsirlidir. Şu görnüşi ýerine ýetirilende bedeniň işjeňliginiň näçe esse artmagyna getirýär. Şol bir wagtda-da keýpiňi göterip, degna ulgamyny rahatlandyryp, oňyn dynç almagyňy üpjün edýär.
Ýoganyň toplumlaýyn görnüşinde dem alyş gimnastikasy hem bolup, onuň dowamynda dem alyş ulgamy kadaly ýagdaýa gelýär. Bu hereketleriň netijesinde bolsa öýkende kislorod ýeterlik derejede saklanýar. Şeýlelikde dem alyş ulgamynyň kadalaşmagy bedeniň breýleki agzalarynyň işini kadalaşdyrýar. Bu bolsa stressiň öňüni wagtynda almaga mümkinçilik berýär.
Ýoga bedenimiziň iň işjeň agzasy bolan ýüregiň işini hem kadada saklaýar. Onuň hereketleri ýüregiň gany köp mukdarda işlemegine getirýär. Bu bolsa kislorodyň artmagyna getirip, bedeniň hemme öýjüginiň işini aktiwleşdirýär.
Ýoga maşklarynyň ähli görnüşleri depresiýanyň ýok bolmagyna, ukynyň kadalaşmagyna, bedeniň ýadawlygyny aýyrmakda örän ähmiýetlidir. Günüň dowamynda 15 minutlap ýerine ýetirilen ýoga maşklary bedeniň rahatlygyny we sagdynlygyny üpjün edýär.
Ýoga maşklary ýerine ýetirilen wagtynda adaty sport bilen deňeşdirilende, bogunlaryň we baglaýjylaryň käbir myşsalary has işjeň gatnaşýar. Bu täsirler diňe dartgynlylyk we gowşamaklyk görnüşde däl-de, eýsem, bedeniň süýnmek, ýygrylmak we towlanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýdilende bolsa diňe myşsalarda, baglaýjylarda we süňklerde däl-de, eýsem, bedeniň içki agzalaryna hem täsiri örän uludyr. Ol bedeniň fiziki ýagdaýyna güýçli täsir edip, degna dartgynlylygynyň öňüni alýar. Şeýle-de emosional ýagdaýa, ýatkeşlige, uka ýaramly täsirini ýetirip, endokrin mäzleriniň işjeňligini hem güýlendirýär. Diýmek, ýoga maşklarynyň bedenimize birnäçe ýaramly täsiri bolup, saglygymyza örän peýdalydyr. Şol sebäpden ýoga bilen meşgullanmagy her biriňize maslahat berýäris.
Hanipa NURULLAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.