Siziň üçin...

Meşhurlyk gazanan sadaja saz guraly

27-10-2022 / 11

Gopuz dünýäde iň gadymy we giňden ýaýran saz guralydyr. Ol dünýäniň 200-den gowrak halkynyň milli saz guraly hasaplanýar we her halkda-da dürlüçe atlandyrylýar.

Dünýäde gopuzyň 160-dan gowrak görnüşi bar. Ir döwürler Norwegiýada gopuzy haýwanlaryň süňkünden ýasapdyrlar. Germaniýada we Awstriýada ýaşaýan ýerli halk bolsa bu saz guralyny agaçdan ýasapdyr. Soňy bilen gopuzy demirden ýasamaklyk ýoň bolupdyr. Gopuzlaryň ählisiniň-de gurluşy meňzeş, ýöne ululygy-kiçiligi dürli-dürli. Onuň sesi saz guralynyň göwrümine bagly. Sadaja saz guraly çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar-da, sag eliň süýem barmagy bilen onuň inçejik diljagazyna kakylýar. Şonda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde täsin owaz ýüze çykýar. Gopuzda saz çalnanda sesiň belentligi agzyň açylyş giňligine baglydyr, dodaklaryňy açygrak saklasaň, ses has dury we ýiti çykýar, ýumubrak saklasaň, ses goýalýar, peselen ýaly bolýar. Ses agyz, bokurdak, gaňşyrawuk boşlugynda aýlanyp, özüne çekiji heňe öwrülýär. Demiňi güýçlendirmek ýa-da haýallatmak arkaly täsirli owaz alynýar. Öňki döwürlerde gopuzyň owazyna geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýan ses hökmünde garapdyrlar.

Gopuz türkmen halkynyň hem iň gadymy saz guralydyr. Gopuz sözi «gop» we «uz» diýen gadymy türki sözlerden gelip çykyp, «belent owaz» diýen manyny berýär. Halkymyzda gopuz, esasan, gyzlaryň saz guraly hasaplanýar. Bu barada nakylda-da «At keselini andyz açar, gyz keselini — gopuz» diýilýär. Türkmen gyzynyň her biriniň öz gopuzy bolupdyr. Gyzlar ony alaja baglap, boýnundan asypdyrlar. Şeýlelikde, ol hemişe gyzlaryň elýeterinde bolupdyr. Gyzlar gaýma gaýanlarynda, keşde çekenlerinde, dynç alan pursatlarynda gopuz çalypdyr. Türkmen halkynda gopuz iň oňat demirden ýasalypdyr. Gopuzçy ussalar: «Gopuzyň dilini gije daksaň, owazsyz bolarmyş, gündiz daksaň, goh-galmagally bolarmyş, guşlaryň saýraýan säher çagynda daksaň, saýrak guşuň owazy deý bolarmyş» diýip yrym edipdirler. Gyzlar sözleri, setirleri, läleleri heňe salyp, «Giýew-giýew», «Gelnalyjy getiren», «Mamamyň hüwdüsi», «Kerwen gelýär»… ýaly sazlary gopuzda ýerine ýetiripdir. Owazyň belentligi, mylaýymlygy gopuzyň ýasalan poladyna, çalýanyň ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna bagly bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa…» atly ajaýyp eserinde şeýle diýilýär: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar».

1990-njy ýylda Russiýanyň Ýakutsk şäherinde dünýädäki ýeke-täk Gopuz muzeýi açyldy. Muzeýde dünýäniň 52 ýurdundan jemlenen 2 müňden gowrak gopuz bar. 1992-nji ýylda Gyrgyzystan, Gazagystan, ABŞ, Fransiýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Norwegiýa, Angliýa, Italiýa, Wengriýa, Argentina ýaly ýurtlarda Milli gopuz merkezleri açyldy.

2011-nji ýylda Ýakutskide geçirilen «Gopuz dünýäniň medeni äleminde» atly VII halkara festiwalynyň çäklerinde 1344 adamyň gopuz çalmagy Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.

Allanazar MURADALYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu