Siziň üçin...

Ybraýym Edhem hakda rowaýatlar

18-10-2022 / 562

XI-XII asyrlarda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň köp jiltli «Ýagşyzadalaryň bahary» hem-de «Altyn halkalar» atly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip, olar milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarydyr. Daşoguz welaýatynyň Bötendag belentliginiň günorta böleginde Ybraýym Edhem ady bilen meşhur bolan şahsyýetiň ýadygärligi ýerleşýär. Ruhy gymmatlyklaryň hatyrasyna soltanlyk tagtyndan el çeken bu ýagşyzada barada şu kitaplarda täsin rowaýatlar getirilýär.

Ybraýym Edhem Horasanda nygmat berlenleriň biridir. Günlerde bir gün ol köşgüniň depesine çykyp otyrka, köşgüň kölegesinde oturan bir adama gözi düşüpdir. Onuň burny ganap duran eken, özi hem zat iýip oturan. Soň ol suw içipdir we uklapdyr. Ybraýym Edhem öz-özüne: «Men bu dünýäde näme iş edýärin, nebsim hem görüp oturan zatlaryma razy bolýar?» diýipdir we Allanyň gözleginde sergezdan bolup, ýola rowana bolupdyr. Ol aýlanyp ýörkä öňünden bir adam çykyp:

— Men seniň hyzmatkäriň, meni seniň doganyň iberdi. Meniň ýanymda on müň dinar, hyzmatkärler we gurluşykçylar bar — diýipdir.

Onda ol:

— Eger sen dogry aýdýan bolsaň men seni azat etdim, ýanyňdakylar hem seniňki bolsun! Sen bu ýerden git, ýöne hiç kime aýtma! — diýipdir.

* * *

Soltan Ybraýym her gün sährada ýörerdi. Ol bir kişä ýolukdy. Ol aýtdy:

— Eý soltan, heý abadan ýer barmy?

Soltan aýtdy:

— Görüstana bargyl!

— Sen maňa görüstana bargyl diýdiň — diýip soltany bir daş bilen urdy. Soltanyň başy ýaryldy. Bu ýagdaýy gören kişi:

— Eý biedep, ol soltan Ybraýymdyr — diýdi. Onda ol kişi:

— Men bilmedim — diýip ötünç sorady.

Soltan Ybraýym:

— Men bagyşladym — diýdi we daga gitdi.

* * *

Ybraýym Edhem özüne bir zat berilse, ony yzyna gaýtarmaz eken. Onuň deregine edil şonuň ýaly zat berer eken. Eger hiç zat tapmasa, donuny geýdirer eken.

Taýýarlan: Mekan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu