Sagdyn durmuşSlider

Injir hakda kelam agyz

13-10-2022 / 39

Türkmenistanyň daglary injiriň ilkinji baş merkezidir. Sebäbi güneşli ülkämiz ýyly, subtropik howaly, tomsy yssy, gurak ýurtdur. Tomus, güýz aýlarynda ygallaryň azlygy injiriň miwesiniň gowy bişmegine ýaramly täsir edýär.

Ýewropa ýurtlarynda injiri “figa” diýip atlandyrýarlar. Gresiýada “figa” biziň eramyzdan 800 ýyl öň belli eken. Italiýada bolsa bu agaç Rim döwletiniň döremeginden öň hem bolupdyr. Injiriň gadymy yzlary Fransiýanyň paýtagty Parižiň golaýyndan hem tapylypdyr. Dünýäde injiriň dürli görnüşleri bar, olar öz arasynda häsiýetli aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Derman hökmünde onuň, esasan, bişen miwesi ulanylýar. Injiriň himiki düzümi barada aýdylanda, ol askorbin turşusyna, B1, B2 witaminlerine, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, demir we beýleki minerallara baýdyr. Injiriň şekerliligi 20-30%, guradylan görnüşinde bolsa 75%-e ýetýär. Bu miwe berhiz iýmiti hökmünde-de ulanylýar. Ol peşew haltadaky daşlary çykarmakda, ganazlyk keselini bejermekde hem örän peýdalydyr.

Injiriň diňe bir miwesi däl, eýsem, ýapraklarydyr baldaklary hem dermandyr. Onuň ýapraklaryny iýul aýynyň aýagyndan sentýabr aýynyň başlaryna çenli ýygyp, bir hepdeläp kölegede guratmaly. Täze ýapraklaryny iteşene we demrewe ýapýarlar. Miwesini, ýapragyny üzüp alanyňda çykýan süýt reňkli şiresini möýüň, içýanyň, arynyň çakan ýerine çalsaň, peýdasy uludyr. Onuň ýapragyndan we baldaklaryndan sykylyp alynýan ak şireden tromboz keselini bejermek üçin fitsin, leýkoderm keselini bejermek üçin bolsa furolen diýen dermanlar öndürilýär. Tapdan düşen adamy kuwwatlandyrmakda onuň immunitetini ýokarlandyrmakda-da injir bilen bäsleşip biljek miwe ýok bolsa gerek. Güneşli ýurdumyzyň aýratyn hem, Etrek, Magtymguly etraplarynyň topragy-da, howasy-da injir ösdürip ýetişdirmäge örän oňaýly. Bu bolsa ondan öndürip bolýan dermanlara zerur bolan çig mallary senagat ähmiýetli möçberde almaga mümkinçilik döredýär. Injiriň düýp sany näçe köpeldilse, ol özüniň bol hasyllylygy bilen halkymyzyň azyk üpjünçiligine hem uly goşant goşar.

Reýimbaý TÄJIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu