Siziň üçin...

Goýun bolsa dünýe malyň…

11-10-2022 / 17

Tebigat — ynsanyň ekleýjisi. Ol çopanyň bir ene malyny ýylda iki, daýhanyň topraga atan tohumyny müň edip eçilýän bereket çeşmesi. Onuň täsinlikleriniň waspyny tutuş ömrüňe wasp etseň hem az.

Türkmeniň göwni ýaly ak sähralarda erkana ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşan ata-babalarymyz töweregini gurşap alan haýwanat dünýäsinden rejeli peýdalanmak bilen, olary idetmekde, köpeltmekde, tebigy seçgi işlerini geçirip, sap tohumlylygy gorap saklamakda baý tejribeleri toplapdyrlar, olar bilen bagly türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri bolan milli däp-dessurlary, halk döredijilik eserlerini döredipdirler. Netijede, dünýäniň hiç bir künjünde duş gelmeýän ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, saryja goýny, arwana düýesi, türkmen tazysy, algyr awçy guşlary, sary öküzi… ýaly sap tohumly jandarlary saklamagy başarypdyrlar.

«Goýun bolsa dünýe malyň, peýdasyna ýüň getirer» diýen pähime eýeren parasatly pederlerimiz goýun malyna aýratyn sarpa goýup gelipdirler. «Ekin ekseň bugdaý ek, mal baksaň goýun bak» diýen nakylyň manysy hem türkmen hojalygynda goýna berilýän ähmiýetden nyşan. Munuň şeýledigine, türkmen halkynyň dowardarçylygy üstünlikli alyp barmak tejribesini arkama-arka kämilleşdirip gelendigi hem güwä geçýär.

Maral ORAZBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu