Berhiz lukmany Andreý Bobrowskiý duzuň bir günde kabul edip boljak iň ýokary zyýansyz möçberi barada aýtdy. Onuň bellemegine görä, uly adamlar günde bäş gramdan köp duz iýmeli däldir. Bu barada «ferra.ru» habar berdi.
Lukman bu möçberiň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri tarapyndan bellenilendigini aýtdy.
Başga bir berhiz lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Irina Berežnaýa «Sputnik» radiosyna beren beýanatynda köp mukdardaky duzuň ýürek-damar ulgamyna zyýan ýetirýändigini, ýöne aşa ýuwan naharlaryň hem bedene kän bir peýda bermeýändigini belledi.
Duzuň gündelik kabul ediş möçberinden yzygiderli ýokary geçilmegi käbir keselleriň döremek ähtimallygynyň artmagyna getirip bilýär. Eger duz artykmaçlyk etse, adamyň gan basyşy ýokarlanýar, tersine ýetmezçilik etse, peselýär. Bedende duz ýetmezçiligi ysgynsyzlyk, başyň aýlanmagy we iýmit siňdiriş ulgamyndaky meseleler bilen häsiýetlendirilýär.
Bilermenler adamyň duzuň haýsy görnüşini ulanýandygynyň hem uly ähmiýetiniň bardygyny belleýärler. Ýodlaşdyrylan duz adaty duza garanyňda, has peýdalydyr.
Atamyrat NURBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.