Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde köçeleriň arassaçylyk işlerini ýerine ýetirýän robot-süpüriji synagdan geçirildi.
Bu innowasion taslama «Trombia Technologies» kompaniýasynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Robot-süpüriji dürli howa şertlerinde hereket etmäge ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleri enjamyň energiýany we suwy az harçlaýandygyny nygtaýarlar. Ol gijäniň garaňkysynda hem köçeleri kemsiz tämizleýär. Enjam sagatda 10 kilometr ýol geçýär, işleýän mahaly bu görkeziji 6 kilometre deňdir.
Mekan HOJAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.