Sagdyn durmuşSlider

Basgançaga münmekmi ýa-da düşmek?

26-09-2022 / 15

Käbir adamlar gündelik işjeňligini ýokarlandyrmak üçin basgançaga münüp düşmegi peýdaly hasaplaýarlar. Hünärmenler bu meselede 2 toparda bölünýärler. Käbirleri gündelik işjeňligi artdyrmak we agram gözegçiligini üpjün etmek peýdaly hasaplasa-da, beýleki hünärmenler käbir bogunlara ýetirýän hemişelik zyýanyna ünsi çekýärler.
Hünärmenler ençeme ýyl bäri gündelik hereketiň ähmiýetine ünsi çekip gelýärler. Esasanam, wagtynyň agramly bölegini ofisde geçirýänler lift ulanmagyň ýerine basgançaklary ulanmagy makul bilýärler.
Fiziki lukmançylyk we dikeldiş hünärmeni proffessor doktor İbrahim Halil Ural: «Her kime gündiz hereketini ýokarlandyrmak üçin basgançaklardan peýdalanmak maslahat berilýär» diýip, gündelik işiň takmynan 10.000 ädim bolmalydygyny aýdýar. Ýöne ädimleriň sany möhümmi ýa-da basgançaklara çykmakmy? Her kime işjeň bolmak, ädimleriň sanyny köpeltmek we belli bir işjeňlik derejesinden ýokary bolmak maslahat berilýär. Bu hereketi ölçemek we adamyň aňynda has hemişelik etmek üçin günde takmynan 10,000 ädim ätmek maslahat berilýär. Soňky gözlegler maşklaryň dowamlylygynyň has möhümdigini görkezýär. Şonuň üçin has az ädim ätseňizem, her gün 45-50 minutlyk yzygiderli gezelençler has täsirli bolýar.
Her gezek basgançaga çykanymyzda bir ädimde bir kaloriýa sarp edýäris. Aslynda, bu ýönekeý kabul edilmeli däl kaloriýa, sebäbi günde takmynan 100 ädim münmek ýa-da aşak düşmek bir ýylda 2 kg töweregi ýag ýakmagy üpjün edýär. Şonuň üçin hereketi ýokarlandyrmak we ýagy ýakmak üçin täsirli hereket.

Pirmuhammet HAÝTEKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu