Ata-babalarymyz: «Zeri ýokdan zergär bolmaz, ýeri ýokdan daýhan bolmaz» diýip, bilip aýdypdyrlar. Türkmenistanyň toprak örtügi dürli-dürli bolmak bilen, ol toprak emele getiriji jynslara, klimatik şertlere, ýeriň üstüniň görnüşlerine baglydyr. Relýefiň şertlerine görä, ýurdumyzyň çägi düzlük, çöllük we daglyk böleklerinden ybaratdyr.
Düzlük böleginde toprak örtügi giňişlik we zolak, daglyklarda bolsa diklik guşaklyk kanunalaýyklyklaryna görä üýtgeýär. Çöllük hem-de düzlük zolaga Üstýurduň günorta bölegi, peslik Garagum, dag etek düzlükleri, derýalaryň deltalary we jülgeleri degişlidir. Bu ýerlerde çäge-çöl, mele-goňur, çemen, takyr görnüşli topraklar, takyrlar we şorluklar giňden ýaýrandyr.
Türkmenistanyň daglary we dag etekleri çöl-sähra kiçi zolagyna degişli bolup, olarda mele we goňur topraklar ýaýrandyr. Olar orta belentligi bolan daglary-Köpetdagy, Köýtendagy, Uly we Kiçi Balkan gerişlerini, Garabil we Bathyz baýyrlyklaryny hem-de olaryň 250 mertden ýokary bolan eteklerini tutýarlar. Daglaryň we dag etekleriniň topraklary, esasan, öri maldarçylykda, az möçberde-de düme ekerançylygynda peýdalanylýar.
Türkmenistanyň ýer baýlyklary 49 mln 120,9 müň gektara deňdir. Bu ýeriň 82%-i oba hojalygynyň ýaramly bölegidir. Oba hojalygyna ýaramly ýerleriň 4%-i sürülýän ýerler, 0,1% -i köp ýyllyk agaçlaryň ösýän ýerlerine, 0,12%-i tarp ýerlere, 0,03%i ot ýatyrylýan ýerlere we 95,75%-i bolsa öri meýdanlara degişlidir.
Guwanç MAHMUDOW,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.