Sagdyn durmuşSlider

Üzüm we saglyk

20-08-2022 / 16

Tomus paslynda bol bolýan gök-bakja önümlerinde adam bedeni üçin gerek bolan witaminler we  mineral maddalar bar. Bular bedene diňe bir güýçkuwwat bermän, eýsem, ýokanç kesellerden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrýar we bedendäki madda çalşygyna gatnaşýar. Lukman Hekim öz ýazgylarynda „Siziň iýmitiňiz derman, dermanyňyz bolsa iýmit bolmalydyr“ diýip belläp geçýär.    

Ýylyň dowamynda bazarlarymyz ter gök önümlere, ir-iýmişlere örän  baý. Tomsuň ahyrlarynda, güýzüň başlarynda bol bolýan miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar. Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Lukman Hekim  “Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary” atly kitabynda üzümiň ter we kakadylan iýmişiniň içegelerde agyry dörände, böwregiň we peşew haltasynyň keselleri ýüze çykanda ulanylyşy barada belläp geçen bolsa, Seýit Ysmaýyl Gürgenli ylmy eserlerinde üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarynda giňden ulanylýanlygy barada ýazypdyr. Üzümiň adam saglygyna täsiri we kesel  bejeriji häsiýeti boýunça täze ylmy açyşlaryň edilmegi, üzümden taýýarlanylýan derman serişdeleriniň dürli keselleriň bejergisinde oňat netije berýänligi sebäpli häzirki wagtda lukmançylykda üzüm we üzüm önümleri bilen bejeriş (ampleoterapiýa) üstünlikli ulanylýar. Üzümiň düzümi A, B, C, E, PP witaminlere we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalara hem glukoza, saharoza, fruktoza örän baýdyr. Şeýle-de üzümiň düzüminde bakterisid, antioksidant, neýrostimulirleýji, gurplandyryjy, şöhlelenmä, gaýnaglama garşy täsirli we beýleki bejeriji häsiýetli birleşmeleriň 300-e golaýy saklanýar. Düzümindäki bioflawonoidler ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldýar. Ganyň düzümindäki  holesterini belli bir derejede peseldýär. Şol sebäpli üzüm iýmegi halaýan adamlarda ateroskleroz keseli az duşýar, bu bolsa, ýaşulularyň ýatkeşligini saklamaga ýardam edýär. Üzüm arterial gan basyşynyň  kadalaşmagyna hem peýdalydyr. Üzümiň düzümindäki  kaliý we magniý ýüregiň, şeýle-de nerw, süňk-myşsa ulgamlarynyň kadaly işlemegine peýdalydyr. Üzümi ýerlikli ulanmaklyk netijesinde ýürek-damar, nerw keselleriniň, ganazlygyň öňüni almak bolýar. Gara üzüm ganda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar, süňk ýiliginiň gan dörediji funksiýasyny işjeňleşdirýär.

Üzüm terligine hem-de kişmiş görnüşinde giňden ulanylýar. Üzüm kişmişi däneli we dänesiz, gara, sary reňkli bolýar. Ol özüniň ýokary ýokumlylygy, ýagny 100 gram üzüm kişmişinde 320 ýokumlylygyň bolmagy bilen tapawutlanýar. Kişmişiň  düzümindäki boryň osteoparoz keseliniň öňüni almaklyga, marganesiň  galkan görnüşli mäziň kadaly işlemegine, demir, magniý we B witaminler  topary adam bedenini gurplandyrmaga, ganazlygyň öňüni almaga  peýdasy uludyr. Üzüm diňe iýmit görnüşinde ulanylman eýsem, kosmetika serişdelerinde hem giňden ulanylýar. Ter üzümden taýýarlanan ýapgylar ýüzüň derisini çeýe, näzik, ter saklamaga ýardam edip, deriniň tebigy juwanlygynyň uzak wagtlap saklanmagyna itergi berýär.  

Üzüm näçe peýdaly bolsa-da, ulanmaga garşy görkezmeleri hem bar. Semizlikden, süýjüli diabetden, allergiýa keselinden ejir çekýän adamlara üzümi seýrek we az mukdarda iýmeklik maslahat berilýär.

Seýilbaý DÄDIŞOW,
Gubadag etrap saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň birleşdirilen komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu