Sagdyn durmuşSlider

Derdiňe derman, gözelligiňe görk…

20-08-2022 / 18

Güýz paslynyň gelmegi bilen, her bir adam öz saglygyna has hem üns bermeli. Mümkinçilige görä dogry iýmitlenmeli, dürli witaminlere baý bolan gök we bakja önümlerini terligine kabul etmeli. Şu gün gürrüň bermekçi bolýan, derde derman miwelerimiziň biri limon.

Bu günki gün her bir hojalykda diýen ýaly limon hasyly bolluk bilen ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda ýylyň ähli paslynda limon miwesini alyp bolýar. Sagdyn we owadan bolmak üçin ýekeje limonyň peýdasy sanardan kän.
Limon sitrus maşgalasyna degişli bolup, düzümi C witamine baýdyr.
Limon adam bedenindäki immuniteti berkidýär, gan basyşy sazlaýar. Halk lukmançylygynda limon, esasan sarygetirmede, beden boşluklaryna suw ýygnananda, inçekeselde, siýdik haltada daş dörände, aşgazan, bil, bogun agyrylarynda, guragyryda haýyrly hasaplanylýar. Onuň şiresi we löti ysytmada näsagyň teşneligini gandyrýar. Limonly gyzgyn çaý we sowuk içgiler (kompot, sowuk çaý) hem işdä ýakyn bolup durýar. Ýüzde döreýän menekleri, tegmilleri aýyrmakda, ýüzüňi agyrtmakda limon kosmetologiýada giňden ulanylýar. Limondan bölünip çykýan efir ýaglary bolsa zyýanly bakteriýalary ýok edýän zyýansyzlandyryş erginleri ýasamakda ulanylýar.

Nasiba MAMEDKULOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu