Sagdyn durmuşSlider

Güneşlenmek üçin birnäçe maslahatlar

24-07-2022 / 17

Howanyň temperaturasy barha ýokarlanýar. Möwsüme laýyk gelýän temperaturadan peýdalanmak üçin Güne ýanmak isleýänleriň sany-da barha artýar.

Günüň UVB şöhleleriniň kömegi bilen deride D witamin sintezi ýüze çykýar. D witamininiň işjeňligini sintezlemek üçin günde 15-30 minut Gün şöhlesini almak ýeterlikdir. D witamini çagalaryň kadaly ösmegi, ulularda süňkleriň dykyzlygyny saklamak, osteoporozyň öňüni almak we immuniteti güýçlendirmek üçin örän  zerurdyr.

Depressiýa bilen Gün şöhlesiniň arasyndaky baglanyşyk birnäçe gözlegde subut edildi. Möwsümleýin depressiýany bejermekde ýeňil bejerginiň ulanylmagy birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Gün şöhlesi giperaktiwliligi hem peseldýär. Günüň ýetmezçiligi çagalarda ünsüň ýetmezçiliginiň we giperaktiwligiň üçden birine, ulularyň üçden iki bölegine sebäp bolup biler.

Özüňizi Günden nädip goramalydygyny düşündirmezden ozal, bu ädimiň näme üçin zerurdygyny göreliň. Gün deri üçin zyýanly bolup biler. Günüň UVA şöhleleri derä çuňňur aralaşyp, deriniň garramagyny tizleşdirýär hem-de gara tegmilleriň döremegine sebäp bolýar. UVB şöhleleri gaty köp kabul edilende melanomalar ösüp bilýär. Günüň derä edýän täsirini yzyna dolap bolmaýar.

Güne ýanmagyň dürli görnüşleri bar. Birinji derejeli ýanma –  deriniň gyzarmagy bilen ýüze çykýar. Güne ýanmagyň bu görnüşi, uzak wagtlap Gün şöhlesinden soň ýüze çykýar.

Ikinji derejeli ýüzleý ýanmalar – çişleriň döremegine sebäp bolýar. Ikinji derejeli çuňňur ýanmalar has agyrdyr. Mundan başga-da, çişler peýda bolýar we yz galýar.

Birnäçe maslahaty ýerine ýetirmek, saglygyňyza howp salman Günüň peýdalaryndan doly peýdalanmaga mümkinçilik berer:

  1. Günüň iň yssy sagatlarynda Gün şöhlesinden gaça duruň!

Temperaturalar ýokarlanyp, Gün şöhle saçanda, özüňizi gowy goramak maslahat berilýär. Deriňizi goramak we garramagyny haýallatmak üçin günüň iň yssy sagatlarynda gün şöhlesinden gaça durmagyňyz zerurdyr. Tomusda, 12:00-dan 16:00-a çenli göni gün şöhlesinden gaça durmak iň peýdalysydyr.

  1. Kelläňizi goramak üçin başgap (şlýapa) geýiň!

Kelläňizi Günden goramak üçin başgap (şlýapa) geýmek hem möhümdir. Gün ýaşanda, bu endik Gün urmagyndan goramaga kömek edýär. Haçan-da beden aşa Gün şöhlesinden soň bedeniň gyzgynlygyny kadalaşdyryp bilmese, oňa Gün urmagy diýilýär. Gün urmagyň alamatlaryna ýadawlyk, ýokary gyzzyrma, kelle agyry, baş aýlanma, dem alyş problemalary, kramplar, güýçli suwsuzlyk we gusmak degişlidir. Gün urma iň agyr ýagdaýlarda tutgaýlara hem sebäp bolup biler. Bu ýagdaýda käbir adamlara has köp howp abanýar.

  1. Gün şöhlesinden goraýjy äýnek dakynyň!

Gün şöhleleri belli bir mukdarda derä zyýanly bolup, ol gözümiz üçin hem howply hasaplanýar. Şonuň üçin hem Günden goraýjy äýnek dakynmak hökmanydyr. Günüň astynda äýneksiz gezmek, retinanyň garramagyny-da çaltlaşdyrýar. Retinanyň wagtyndan öň garramagy ýaş bilen baglanyşykly makula degenerasiýasyny döredip biler. Güneşden goraýjy äýnek satyn alanyňyzda, olaryň 100 göterim UV diýip bellik edilendigine doly göz ýetiriň.

  1. Iýmit goşundylaryny kabul etmegi göz öňünde tutuň!

Deriňizi Güne taýýarlamak diýseň gowy pikir. Munuň üçin bolsa goşmaça witaminleri we minerallary, tebigy karotinoidlere we omega 3-e baý goşundylary saýlap bilersiňiz.

  1. UV intensiwligine gözegçilik ediň!

UV intensiwligine gözegçilik etmekligi endik edip bilersiňiz. Gün doganda töwekgelçiligiň ýokarydygy ählimize mälim bolsa gerek. Ýöne käwagt gaty güneşli bolmasa-da, UV şöhlesi hem zyýanly hasaplanýar.

  1. Kölegeli ýerleri dörediň!

Özüňizi Gün we yssydan netijeli goramak üçin kölegede galmaly, esasanam yssy tolkun dörän ýagdaýynda. Şeýle hem, saýawan bilen kölegeli ýerleri döretmek möhümdir. Öýden çykanyňyzda, saýawanyňyzy almagy unutmaň!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu