Sagdyn durmuşSlider

Ýaşyl erik iýmegiň 6 sany peýdasy

20-07-2022 / 22

Ýaşyl erikler, düzümindäki witaminler we minerallar bilen bejeriş häsiýetli dermanlaryň biridir. Bu barada degişli internet çeşmesinde berlen maglumatlary terjime edip, okyjylarymyza hödürleýäris.

A, C, K witaminlerini, kaliý we fosfor minerallaryny öz içine alýan gök erik, beta-karotin, lýutein we zeaksantin ýaly antioksidant birleşmeleri-de öz içine alýar. Esasanam, C witamine baýlygy sebäpli antioksidant täsirini görkezip, immunitet ulgamyny güýçlendirýär we ýürek saglygyny goraýar. Deriniň saglygy üçin möhüm häsiýete eýe bolan bu witamin, ýaranyň bejergisini hem çaltlandyrýar. Mundan başga-da, ýaşyl erigiň kaloriýasy juda pesdir.

10 sany erikde (100 gram) bary-ýogy 50 kaloriýa bardyr. Ýaşyl erigiň artykmaç peýdalaryndan peýdalanmak üçin nahardan soň günde 1-2 sanysyny iýip bilersiňiz. Iýmitleniş we berhiz hünärmenleri ýaşyl erikleriň duz bilen iýilmeginiň has peýdalydygyny duýdurdy.

Ýüregi  goldaýar

Ýaşyl erik ýürek kesellerinden goraýjy täsire eýedir. Içindäki kaliý bilen ýürek myşsalarynyň işini kadalaşdyryp, gan basyşyny peseldýär we ýokary gan basyşynyň öňüni alýar. Süýüminiň düzümi sebäpli erbet «LDL» holesterini azaltmaga ýardam edýär. Ýaşyl erik, C witamini bilen zeper ýeten damarlary bejermäge-de işjeň gatnaşýar.

Agram gözegçiligini üpjün edýär

Az kaloriýaly miwe bolan gök erik, bu aýratynlyk bilen agram gözegçiligini hem goldap biler. Iýmitleniş we berhiz hünärmenleri gök erigiň bir böleginde bary-ýogy 50 kaloriniň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de, süýümi we suw düzümi sebäpli doýgunlygy artdyrýar. Şonuň üçin erik iýmek, berhiz saklaýanlar üçin horlanmaga kömek edip biler.

Demiriň siňdirilmegini ýokarlandyrýar

Ýaşyl erik beden üçin gerekli bolan C witamininiň gündelik 10 göterimini kanagatlandyrýar. C witamini bolan iýmitler demir bilen iýilende, demiriň siňdirilmegini ýokarlandyrýar. Ganazlyk meselesi bolan adamlara demiriň çeşmesi bolan gyzyl etden başga-da, ýaşyl erik we köp gök önümli işdäaçarlary iýmek maslahat berilýär.

Gan şekeriniň deňagramlylygyny saklaýar

Ýaşyl erik, pes glisemiki görkezijisi bolan miwedir. Ol gandaky şekeriň kadalaşmagyny goldaýar we sarp edilenden soň gan şekeri has deň ýokarlanyp bilýär. Erigiň bu görnüşi banan, üzüm, gawun we garpyz ýaly miweler bilen deňeşdirilende gan şekerine has gowy gözegçilik edýär. Esasanam, süýji keseli bilen kesellänler ýaşyl erik bilen birlikde 10 sany çig badam iýip, deňagramly iýmitlenip bilerler.

Ýygyrtlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar

Ýaşyl erik, antioksidant A we C witaminlerine baý miwe bolup, düzümindäki antioksidant witaminler deriniň zeperlenmegine sebäp bolýan erkin radikallara garşy göreşýär. Mundan başga-da, C witamini kollejen önümçiligini goldamak bilen deriniň çeýeligini saklaýar. Witamin ýetmezçiligi bolan adamlarda ýarany bejermek wagty uzaldylyp bilner, şonuň üçin gündelik zerurlygy kanagatlandyrmak has möhümdir.

Göz saglygy üçin peýdaly

Ýaşyl erik beta-karotin, lutein we zeaksantin ýaly antioksidant birleşmeleri bolup, onuň her birinde 190 mkg beta-karotin bardyr. Bedende emele gelen erkin radikallar katarakt, gijeki körlük we makula degenerasiýasy ýaly göz kesellerine sebäp bolup biler. Bu antioksidant birleşmeler bilen ýaşyl erik erkin radikallara garşy göreşýär we göz saglygyny hem goramaga kömek edýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu