Sagdyn iýmitlenmegiň iň möhüm şertleriniň biri-de, hökmany ertirlik edinmek hasaplanýar. Yzygiderli sagdyn iýmitlenmek saglygymyz üçin örän möhümdir. Döwrebap durmuşyň ýörelgeleri sebäpli sagdyn iýmitlenmäge känbir zerurlyk berilmeýär.
Ertirlik — günüň iň möhüm nahary. Çünki ol bedene gündizine zerur bolan energiýany berýär. Ertirlik – sagdyn iýmitlenmek üçin ilkinji ädimdir.
Ertirlik edinmezlik saglygyňyz üçin zyýanlydyr. Hut şonuň üçin gündelik durmuşyňyza ertirlik edinmek bilen başlaň. Şeýlelikde, käbir kesellere garşy göreşip bilersiňiz. Ertirlikde, esasanam ýokumly maddalara we energiýa baý iýmitler iýilmelidir.
Ýeterli we deňagramly iýmit umumy saglygyň açarydyr. Saglykly horlanmak isleýän bolsaňyz, onda her gün irden ertirlik edinmegi ýadyňyzdan çykarmaň! Ertirlik edinmegi ýatdan çykarmazlyk üçin, ertirlik naharyny agşamdan taýýarlap bilersiňiz. Adaty zatlardan gaça duruň we ertirlik naharyňyzy yzygiderli üýtgediň. Stressiz iýmitlenmek üçin biraz irräk turuň. Işdäňizi güýçlendirmek üçin güne başlanyňyzda bir stakan suw içip başlaň.
Ertirlik naharynyň ýene bir peýdasy, metabolizmi işjeňleşdirýär, ýagyň saklanmagynyň we artykmaç agramyň öňüni alýar. Günde azyndan üç sany esasy nahar ediniň we iýmitleniş balansyňyzy sazlaň. Ilki bilen ertirlik naharyňyzyň sanawyna ýumurtga goşuň. Ýumurtganyň düzüminde ýokary hilli we köp mukdarda belok bardyr. Mundan başga-da, ýumurtgada ýokumly maddalaryň ählisi diýen ýaly bar. Ertirlik nahar sanawynda hünärmenler gatyk içmegi-de maslahat berýärler. Esasanam, howlugýan bolsaňyz we tiz ertirlik edinmek isleseňiz, onda gatyk halaýan iýmitleriňiziň birine öwrülip biler. Hünärmenler ertirlik naharynyň ýany bilen kofe içmegi maslahat berýärler. Çünki kofe keýpiňe, fiziki we akyl öndürijiligiňe oňyn täsir edýär.
Mundan başga-da, ertirlik naharyndan süle uny ýaly ýokary süýümli iýmitleri iýmegi-de unutmaň. Bu organiki we ýokumly iýmitler sizi uzak wagtlap dok saklar.
Dogry iýmitlenmegi üpjün etmek üçin ertirlik naharyna witaminlere, beloklara we süýümlere baý beýleki iýmitleri goşuň. Şeýle hem ertirlik naharynyň ýanyna hoz, gök çaý we kakadylan miweleri goşup bilersiňiz. A we D witaminlerine baý süýt önümlerini hem ünsden düşürmäň. Krahmal, süýüm we minerallara baý däneler beden üçin örän möhümdir. Olar ýuwaş-ýuwaşdan siňýär we şonuň üçin bedeni dowamly energiýa bilen üpjün edýär.
Siz hem hökmany ertirlik edinmegi berk ýadyňyzda saklaň!
«TürkmenGazet».