Häzirki wagtda her iýmitde diýen ýaly giňden ulanylýan şeker iýmitlere we içgilere tagam bermek üçin ulanylýar. Adamyň bedeni üçin zyýanly hasaplanýan şeker semizlik, ýürek, süýji keseli we gan aýlanyş ýaly ýüze çykyp biläýjek meseleleriň esasy çeşmeleriniň biri hasaplanýar.
Şekeriň sarp edilişini azaltmagyň 5 usuly:
Iýmitleniş tertibini üýtgetmek
Häzirki wagtda käbir adamlar ertirlikde wagt tapyp bilmeýändigi üçin açlygyny kanagatlandyrmakda şekerli iýmitleri iýýärler. Bu şekerli iýmitleriň ýerine bedene peýdaly tebigy iýmitleri iýmek saglyk üçin has oňaýly bolup biler. Mysal üçin, gaýtadan işlenen şekeri öz içine alýan iýmitleriň ýerine alma, apelsin, kişmiş, hoz we nohut ýaly iýmitleri iýmek şekeriň zerurlygyny kanagatlandyrýar.
Aşhanadan daşda saklaň
Şekeri gündelik durmuşdan kesmegiň iň oňat usullaryndan biri-de, ony aşhanadan daşlaşdyrmakdyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, şeker, gazlandyrylan we şekerli içgileri öz içine alýan emeli şekerli önümleriň hemmesini aşhanadan çykarmaly. Bularyň ýerine has sagdyn tebigy iýmitleri saýlamaly.
Belok iýmek
Gan şekeriniň pes bolmagy diňe şeker sarp etmek bilen baglanyşykly däldir. Belok iýmek, ganyň şekerini deňleşdirmegiň iň oňat usullaryndan biridir. Gyzyl et, ak et, ýumurtga, süýt önümleri ýaly beloga baý iýmitleri iýmek hem şekere bolan islegi azaldar.
Köp suw içmek
Bedenden gaýtadan işlenen şekerden dynmagyň iň oňat usullaryndan biri köp suw içmekdir. Bedendäki zyýanly maddalary arassalaýan suw, şeker we duz ýaly maddalary daşyna çykarýar.
Serotoniniň bölünip çykmagyny höweslendirmek
Bagt gormony diýilýän serotonin, insuliniň bölünip çykmagyna gözegçilik edip, gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýar. Şonuň üçin sizi begendirýän zatlary etmek, täze güýmenje bilen meşgullanmak ýa-da maşk etmek, beden üçin möhüm bolup biler.
Onda näme, siz hem şekeriň sarp edilişini azaltmaga hut şu günden başlaň!
«TürkmenGazet».