Ýag — bedenimiz üçin iň möhüm energiýa çeşmeleriniň biri. Ýaglaryň ähli görnüşi size agram salmaýar. Iň sagdyn ýaglar haýsylar? Sagdyn iýmitlenmekde göz öňünde tutulýan iň möhüm zatlaryň biri-de ýagyň mukdarydyr. Erbet ýaglar saglygyňyza we iýmitlenişiňize zyýan ýetirip biler. Ýöne käbir ýaglar beýniňizi, ýüregiňizi we saglygyňyzy goramak üçin hem kömek edýär.
Hepdede azyndan bir gezek iýmeli 7 sagdyn ýag:
Awokado ýagy
Awokado özboluşly bir miwedir. Eger-de isleseňiz ony her gün aňsatlyk bilen iýip bilersiňiz. Iýmit siňdirişine kömek edýän awokado sizi uzak wagtlap dok saklaýar, rak keseline garşy göreşýär hem-de derimizi owadanlaşdyrýar. Awokadony ertirlikde, günortanlykda ýa-da agşamlyk naharlarynda peýdalanyp bilersiňiz.
Balyk ýagy
Balyk ýagy hem saglygyňyz üçin diýseň peýdalydyr. Ýürek keselleriniň we başga-da birnäçe keselleriň öňüni almaga kömek edýän ýagyň bir görnüşi omega 3-e örän baýdyr.
Zeýtun ýagy
Zeýtun ýagyny yzygiderli iýýänleriň has uzak ýaşaýandygyny bilýärdiňizmi? Zeýtun ýagy, iýmitiňize hökman goşulmaly iýmitlerden biridir. Işdäaçarlaryňyzy we naharlaryňyzy zeýtun ýagy bilen iýmäge aýratyn üns beriň. Goşmaça bakja zeýtun ýagyny saýlaň.
Gatyk
Käbir adamlar düzüminde az ýag bolan gatygyň saglygymyz üçin has peýdalydygyny pikir edýärler. Emma, köplenç, az ýagly zatlarda şeker köp bolýandyr. Ýagly gatyk iýmit siňdirişiňizi gowulandyrmak üçin sagdyn probiotikler bilen gaplanýar.
Hoz
Saglyk üçin iň tebigy ýaglary öz içine alýan iýmitleriň biri-de hoz hasaplanýar. Hoz beýniniň saglygy üçin peýdaly we ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Hoz iýmegi endik ediniň. Şeýle-de çig hoz iýmek saglyk üçin has peýdalydyr.
Ýumurtga
Ýumurtganyň ýokary belok çeşmesidigini hemmämiz bilýäris. Ýumurtga sarysynda peýdaly ýaglar we zerur bolan ähli witaminler, minerallar we aminokislotalar bardyr.
Kakos ýagy
Kakos ýagy iýmek üçin iň sagdyn ýaglaryň biridir. Kakos ýagyny köp zada goşup ulanyp bilersiňiz. Bu ýokumlylygy gözellik önümi hökmünde-de ulanyp bilersiňiz ýa-da desertleriňize goşup bilersiňiz.
«TürkmenGazet».