Sport bilen meşgullanmaga wagtym ýok diýseñiz, bary-ýogy 1 sagat ýöräp, sagdynlygy saklap bilersiňiz. Peýdalaryny bilelikde gözden geçireliň.
Pyýada ýöremek örän peýdaly. Fiziki taýdan hereketsiz bolmak semizlik we dowamly kesel töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy subut edildi.
Yzygiderli ýöremek ölüm howpuny peseldýär. Gözleglere görä, her gün 1 sagat çalt ýöreýän adamlaryň hereketsiz adamlardan has uzak ýaşaýandygy mälimdir.
Pyýada ýöremegiň peýdalary
Bedeniň agramyny peseldýär we bil aýlawyny inçeldýär.
Bogun we myşsa saglygyny goraýar we çişme sebäpli döreýän bogun agyrysyny aýyrýar.
Immun ulgamyny güýçlendirýär we bedeniň kesellere garşylygyny ýokarlandyrýar.
Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny peseldýär.
Gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar we holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar.
Insuline garşylygy bozup, süýji keseliniň döremek howpuny peseldýär.
Durmuşyň hilini ýokarlandyrýar.
Pyýada ýöremegiň akyl saglygy üçin peýdalary
Düşünmäge we ýatda saklamaga mümkinçilik berýär. Uzyn we asuda gezelençler depressiýa howpuny azaldýar. Biliş funksiýalarynyň gowulaşmagyna, şeýle hem mekdepde we işde ukynyň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşýandygy subut edildi.
Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niñ Lebap welaýatynyñ Halaç etrap Geñeşiniñ sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.