
Haýwanat dünýäsinde iň az ýaşaýan jandar suw siňegidir. Onuň 1 günlük ömri bar. Uzak ýaşaýanlary bolsa piller hem-de pyşbagalardyr. Piller 70 ýyl, pyşbagalar bolsa 200-300 ýyl töweregi ýaşaýar.
***
Piliň hortumynda hiç hili süňk ýokdur. Ýöne 4000 sany myşsasy bardyr.
***
Arşa çykarylan ilkinji jandar Laýka atly itdir.
***
Käbir piller we žirafalar, köplenç dik duran ýerinde uklaýarlar.
***
Žiraflaryň dili gara reňkde bolup, uzynlygy 30 santimetre çenli ýetip bilýär.
***
Mör-möjekleriň arasynda iň tiz hereket edýäni iri köçe saçakçysydyr. Oňa sekuntda boýnuň uzynlygyndan 50 esse uzak aralygy geçmek başartýar.
***
Ýer ýüzüniň iň ýyndam mör-möjekleriniň biri bolan planarýa atly möjek 100 bölege bölünse-de ölmeýär, tersine bölünen parçalarynyň her biri şol möjegiň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin hem bu möjek käwagtlar öz-özüni bölekläp, öz neslini köpeldýär.
***
Atlar tomusda günüň dowamynda ortaça 30,5 litr suw içip bilýär.
***
Atlar gözlerini ýumup, 3 aýagynyň üstünde durup çalaja ymyzganyp bilýärler. Has gowy uky almakçy bolanlarynda bolsa biziň ýatyşymyz ýaly ýatýarlar.
***
Towşanlaryň bir görnüşi bolan «üýtgeýän towşanyň» boýy bary-ýogy 50 santimetr, agramy bolsa 2,5 kilogramdyr. Üýtgeýän towşan üstüne howp abananda birden gaçmaýar. Çünki ol ýatan ýeriniň reňkine görä, reňkini üýtgedip bilýändir.
***
Gunduzlaryň dişleri edil palta ýaly ýiti hasaplanýar. Ol 30 metrden beýik 150 santimetrden ýogyn bolan agaçlary sähelçe wagtyň içinde dişleri bilen kesip bilýär.
***
Bir düýe 15 minudyň dowamynda 200 litr suw içip bilýär.
***
Baýguş mawy reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdur.
***
Pingwin bolsa uçup bilmeýän, ýöne ýüzüp bilýän ýeke-täk guşdur.
***
Garynjalar hiç wagt uklamaýar.
***
Dünýädäki iň uly we iň çalt ulalýan jandar kitdir. Onuň agramy 22 aýda 26 tonna çenli ýetip bilýär.
***
Ördekler suwda 6 metr çuňluga çenli çümüp bilýändirler.
Maýsa ÖWEZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.