Sagdyn durmuşSlider

Limon we saglyk

18-06-2022 / 14

Limon ebedi gök öwüsýän bolup, boýy 5 metre ýetýän tikenekli şahalydyr. Onuň ellips şekilli ýapraklarynyň özüne mahsuslygy bar. Ak güljagazlary bolsa ýapraklarynyň goltugynda ýerleşýär. Ol hasylly, sary gabakly, ýumurtga görnüşli bolýar.

Limon miwesiniň içinde limon we alma kislotalary, petkin maddalary, kaliý, mis, fitonsidler, S ýokumy, B, P topara degişli ýokumlar we kartin köpdür.

Halk lukmançylygynda limon sarygetirme kesellerinde, beden boşluklaryna suw ýygnananda, böwrekde daş emele gelende, inçekeselde, aşgazan, bogun, bil, gury agyrylarda peýdalanylýar. Limon miwesiniň şiresi we eti ysytmaly näsaglaryň teşneligini gandyrmakda ulanylýar. Suw garylan limon şiresi agyz boşlugynyň, damagyň nemli bardalarynyň çişme kesellerinde  çaýkamak üçin ulanylýar. Basyk (angina) keselinde bolsa suw garylmadyk şiresinden peýdalanylýar.

Limon şiresi deriniň kömelek we süýjübaş kesellerinde, gijelewügi aýyrmak üçin, ýüzüň derisindäki we kelläniň saçly bölegindäki ýag mäzleriniň kesellerinde çalnyp ulanylýar.  Ýüzde döreýän menekleri we pigmentleşen tegmilleri aýyrmak üçin hem limonyň haýry kändir. Şu maksat üçin limondan ýörite melhemlik ― losýon taýýarlanylýar. Munuň üçin, ýumurtganyň ýaýylan agynyň köpügini bir limonyň şiresi bilen oňat garyşdyrmaly. Oňa bir çaý çemçesi gliserin we ýarym bulgur atyr suwuny goşmaly. Şeýle losýony ýatmazdan öňürti ýüze sürtmeli, ýagly derilere limon şiresini atyr bilen garyndysyny (1:1 gatnaşykda) çalmak maslahat berilýär.

Bulardan başga-da, limondan aýagyň derlemezligi üçin hem melhemler taýýarlanylýar. Tomusda derlän ýüzi limon bilen arassalamak iň şypaly emleriň biridir.

Gözel KOÇGAROWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu