Smorodina nämä peýdaly?
Gara smorodina witaminlere, organiki kislotalara, antioksidantlara we beýleki peýdaly maddalara baýdyr. Onuň esasy peýdaly taraplary:
-witamin ýetmezçiligini aradan aýyrýar we işdäni gowulandyrýar;
-pes turşulykly gastrit;
-smorodina gan damarlaryny süýşürýär, metobolizmi gowulandyrýar;
-ýüregiň işleýşini gowulandyrýar;
-gandaky süýjüligiň derejesini peseldýär;
-wiruslara garşy durmaga kömek edýär.
Smorodina nämä zyýanly?
Gan goýy bolsa, smorodina köp mukdarda iýmeli däldir. Umuman aýdanyňda, bu miweden el çekmeli. Ol aşgazan kislotasynyň ýokarlanmagy, aşgazanyň ýa-da on iki barmak içegäniň ýaralaryna zyýanlydyr.
Günde näçe mukdarda smorodina iýip bolýar?
Smorodina köp organiki kislotalary özünde saklaýanlygy sebäpli, ol aşgazany ynjalyksyz edip bilýär. Sagdyn uly adam her gün 500 gramdan artyk smorodina iýmeli däldir. Aşgazany goşmaça goramak üçin smorodinany beýleki önümler bilen bile iýmek maslahat berilýär.
Semizlikde smorodina, köplenç, horlanmak üçin dürli berhizlerde ulanylýar. Bedenden artykmaç suwy çykarmaga kömek edýär, metobolizmi çaltlandyrýar, ýaglary aýyrýar.
Smorodina berhizlere gysga wagtlyk 3-5 gün üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, berhizlere ýüz tutmazdan ozal organizme zyýan ýetirmezligi üçin lukmana ýüz tutmalydyr.
Gara we gyzyl smorodinanyň arasynda näme tapawut bar?
Gara smorodina gyzyl ýa-da akdan has süýji we sagdyndyr. Mysal üçin, C witaminiň gündelik üpjünçiligini doldurmak üçin, 50 gram gara smorodina iýmek ýeterlikdir. Gyzyl smorodinadan bolsa 150 gram gerek bolýar.
Gyzyl smorodinada has köp mukarda demir we kaliý bar – olar gan damarlarynyň kadaly işlemegi we gan emele gelmegi üçin zerurdyr. Ol bedeniňdäki suwuklygy çalt aýyrýar.
Gyş üçin smorodinany nähili saklamaly?
Gyşda hoşboý ysly we ter miweden lezzet almak üçin ony birnäçe usul bilen saklap bolýar.
1-nji usul: Mürebbe taýýarlanylanda, onuň köp peýdaly witaminleri ýok edilýär, emma muňa seretmezden ol peýdaly bolup galýar. 1 kilogram miwe üçin 1 kilogram şeker gerek bolýar. Ýuwulan smorodinany şeker bilen jamdaa suw bilen gaýnatmaly. Köpürjik peýda bolup başlandan soň, ony otdan çykarmaly, sterilizasiýa edilen bankalara salmaly.
2-nji usul: Öz şiresinde taýýarlanylanda smorodinanyň ähli peýdaly häsiýetleri saklanýar. Bir litrlik banka 1 kilogram smorodina we 5 çaý çemçesi şeker gerek bolýar. Ýuwulan we guradylan miweleri şeker sepip, bankanyň içine guýup, gapak bilen ýapmaly we 15 minut sterilizasiýa etmeli.
3-nji usul: Şeker bilen 1 kilogram smorodina üçin 2 kilogram şeker gerek bolýar. Smorodina ýuwlup guradylýar we et üweýji ýa-da blender bilen üwelýär. Soňra şeker goşulýar we ereýänçe garmaly. Alnan önümi bankalara geçirmeli, berk ýapylmaly we sowadyjyda saklanmaly.
4-nji usul: Doňdurmak. Göwrümi uly, bişen miweleri saýlap almaly, ony gowy edip ýuwup we guratmaly. Soňra bir gatlakda ýaýradyp doňduryja 4-5 sagat goýmaly. Doňdurylan miweleri halta ýerleşdirip, berk ýapmaly we sowadyja salmaly. Olary eretmek üçin smorodina sowadyjyda 2 sagat saklanmalydyr, soň bolsa otag temperaturasynda eredip bilersiňiz.
Mährijemal GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.