Kädiniň peýdaly taraplary göz öňünde tutulyp, ony «tebigy dermanhana» ýa-da «tebigatyň ammary» diýip hem atlandyrýarlar. Kädiniň şiresiniň saglyga peýdasy örän uludyr. Onuň düzüminde А, B, E, K we С witaminleri köp mukdarda jemlenendir.
Kädiniň şiresiniň mineral düzümi diýseň köptaraplydyr. Onda kaliý, sink, demir, kalsiý we magniý köp. Şeýle-de, kädi şiresiniň düzüminde ýaglar, beloklar we mineral duzlar bar.
Kädiniň peýdasyny onda pektiniň ýokary derejede saklanmagy bilen hem düşündirmek bolar. Ol bedende madda çalşygyny gowulandyrmak bilen, aşgazan-içege işini sazlamakda, ganda holesteriniň mukdaryny azaltmakda, gan aýlanyşygyny kadaly saklamakda, bagry arassalamakda aýratyn peýdalydyr.
Kädiniň şiresi ýürek-damar kesellerinde aýratyn peýdaly bolup durýar. Düzüminde kaliý, demir we magniý bolansoň, bu içgi ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni almakda netijelidir. Ol ganyň düzümini hem gowulandyrýar.
Kädiniň şiresiniň bahasyna ýetip bolmajak peýdalarynyň ýene biri nerw ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýändigidir. Ukusyzlyk halatynda ýatmazynyň öň ýany ýarym bulgur kädiniň şiresine ary balyny goşup içseňiz, bu sizi rahatlandyrar we dartgynlylygyňyzyaýrar, siz örän rahat we asuda ýatarsyňyz.
Kädiniň şiresiniň ýene bir peýdaly häsiýeti, onuň adam bedenindäki artykmaç ýaglary ýok edýänligidir. Şonuň üçin ony aşa semizlikde ulanmak ýerliklidir, şeýle-de ol berhiz saklaýanlara ýaramlydyr.
Kädi şiresiniň peýdasy böwrek we böwrekde daş döremek kesellerinde hem ýokary netijelidir. Munuň üçin 10 günüň dowamynda irden we agşam ýatmazdan ozal ýarym bulgur kädi şiresini içmek maslahat berilýär. Şeýle hem, ol süýji keselden ejir çekýänlere örän peýdalydyr. Ol ganyň düzümindäki süýjiniň derejesini peseldýär. Ony düwürtik, iriň we ýanygy aýyrmakda — bitirmekde hem peýdalanýarlar.
Jemal MADIÝAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Farap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.