Sagdyn durmuşSlider

Derimizi Günden goralyň!

Lukmanyň maslahaty

31-05-2022 / 5071

Ynha-da, tomus pasly gelip ýetdi. Tomsuň gelmegi bilen howanyň derejesiniň ýokarlanmagy başlanýar. Howanyň gyzmagy bilen bolsa  açyk meýdanda uzak wagt zähmet çekýän, suwa düşýän, gezim edýän adamlarda  Gün şöhlesiniň dowamly täsir etmegi sebäpli deriniň gyzarmagy, awuşamagy, kä halatlarda bolsa kellagyry, baş aýlanma, ýürek bulanma, ysgynsyzlyk, iç geçme alamatlary bolýar. Şol sebäpli howanyň gaty gyzýan döwründe Günden goranmalydyr. Ýagny Gün şöhlesinden derimizi  gorar ýaly geýimlerden, kremlerden peýdalanmaly.  

Deriniň ýanmagy, wagtyndan öň ýygyrt atmagy, çeýeligini ýitirmegi, garramagy, deriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagy, köplenç, ultramelewşe şöhleleriniň dowamly täsiri bilen baglanyşyklydyr. 30 ýaşdan geçen aýallar Gün şöhlesiniň ýiti wagtynda ýygy-ýygydan we uzak wagtlap Günüň aşagynda bolanda derisinde köp sanly pigmentli menekleriň, ýygyrtlaryň döremegine duçar bolýarlar.

Tomus paslynda raýatlar Ýiti Gün şöhlesiniň deriniň täze howply döremelerini döretýändigine garamazdan suwa düşmegi, Gün wannasyny kabul etmek üçin ýörite abzallaşdyrylan ýerlerde uzak wagtlap Güne ýanmagy meýilleşdirýärler. Şeýle ýagdaýlarda  Güne ýanmagyň zyýanlaryny azaldýan düzgünlerini doly berjaý etmeli.

Güne ýanýan wagtyňda suwa düşülýän ýerlerde uly saýawanlaryň we çadyrlaryň kömegi bilen kölegäniň düşmegini üpjün etmeli. Güne ýanmazdan ozal maňlaýyň we ýüzüň (döz-gabaklardan, dodaklardan başga) açyk ýerlerine, gulaklara, ökjelere Günden goraýjy kremleri çalmaly. Gün wannasyny alanyňdan soň deriniň guramagynyň öňüni almak üçin işjeň maddalara baý bolan ýaglary we kremleri peýdalanmak hökmanydyr. Olary saýlamagyň we ulanmagyň düzgünleri barada deri keselleri lukmany ýa-da kosmetolog bilen maslahatlaşylmalydyr.

Ýiti Gün şöhlesi  deride her hili kynçylyklary döredip biler. Kellede güýçli agyryny, hem-de deride hemişelik tegmilleri hem galdyrmagy, hat-da deriniň howply täze döremelerine çenli eltip biler. Şol sebäpden, ilki bilen, Günden goranmagyň düzgünlerini berjaý etmek zerurdyr.

Aziz PAHRYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu