Sagdyn iýmitlenmek bilen göz keselleriniň öňüni alyp bolýandygyny bilýärdiňizmi?
Eger-de siz gözüňiziň sagdyn bolmagyny isleýän bolsaňyz onda, düzüminde A, C we E witaminlerine baý bolan iýmitleri iýmeli. Çünki bu witaminleriň ählisi güýçli antioksidantlar hasaplanylýar.
Görüş üçin möhüm ähmiýete eýe bolan A witamini, kornea membranalarynyň sagdyn işlemegini goldaýar. A witaminiň ýetmezçiligi körligiň döremegine hem sebäp bolup biler.
C witamini, göz saglygy üçin örän zerurdyr, sebäbi ol retinany zaýalaýan we görüş ukybyny ýitirýän howply erkin radikallara garşy göreşýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, C witamini kabul etmek kataraktanyň döremek howpuny peseldýär we makula degenerasiýasynyň ösüşini haýalladýar.
Sagdyn göz dokumalaryna zeper ýetirip bilýän erkin radikallara garşy göreşýän E witamini hem kataraktanyň howpuny peseldýändir.
Ynha, göz saglygymyz üçin peýdaly 10 iýmit
Käbir iýmitleriň özboluşly bir aýratynlyklary bolup, käbir keselleriň öňüni almaga hem ýardam edýär.
Ýagly balyk
Omega 3-e baý tuna, sardina we losos ýaly ýagly balyklar nerw öýjükleriniň, şol sanda retinal öýjükleriň öýjük membranalaryny has gowy goramaga we ýaş bilen baglanyşykly göz keselleriniň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Mämişi reňkli miweler
Sitrus miweleriniň ählisi diýen ýaly C witamine örän baýdyr. Olarda gözüň korneýasyny we linzasyny goraýan we ýaş bilen ýüze çykýan we şöhle saçmagyna sebäp bolýan kataraktanyň öňüni almaga kömek edýän örän peýdaly antioksidantlar bardyr.
Käşir
Görüş ýitiliginiň peselmegine sebäp bolup biljek A witamini ýetmezçiligine garşy göreşmekde peýdaly.
Gyzyl burç
Açyk reňkli burçlar gözüň ýüzüni sagdyn saklamaga we ýaş bilen baglanyşykly makula degenerasiýa howpuny azaltmaga kömek edýär.
Gök önümler
Bilermenler gijeki görüşi gowulandyrmak üçin gök önümleri iýmegi maslahat berýärler. Çünki gök önümler görüş ukybyny gowulandyrýar we göz gabagyna peýdaly täsir edýär.
Ysmanak
Beta karotini, lýuteini we zeaksantini öz içine alýan ysmanak, gözüň ýitiligini we UV şöhleleriniň ýitmeginden goraýar. Ysmanak we goýy ýaşyl ýaprakly iýmitler, göz saglygy üçin diýseň peýdalydyr.
Kädi
Kädi göz üçin zerur iýmitdir. Şol sanda onuň düzüminde A, C we E witaminleri, sink, süýüm, lýutein hem-de zeaksantin bar. Bu ýokumly maddalar ýaş bilen baglanyşykly makula degenerasiýasyna, gury göz sindromyna we kataraktlara garşy göreşmäge kömek edýär.
Ýumurtga
Gijelerine gowy görmek üçin zerur bolan A witamini ýaly köp antioksidantlaryň kömegi bilen bu iýmit, garrylyk bilen ýüze çykýan retinal keselden goraýjy aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Brokkoli
Bu ýaşyl gök önüm, retinany we linzany UV şöhlelerinden goraýan pigmentlere, antioksidantlara we C witamine, şeýle-de görüş üçin zyýanly erkin radikallara baýdyr.
Süýji mekgejöwen
Göz saglygy üçin zerur pigmentler bolan lýuteiniň we zeaksantiniň düzümi bilen mekgejöwen esasanam makula degenerasiýasyndan we kataraktadan goraýar. Günde 5-6 gram bu pigmentleri iýmek, kataraktadan iň gowy goragy üpjün edýär.
Sagdyn iýmitlenmek bilen köp göz keselleriniň öňüni alyp bolýandygyny unutmaň!
«TürkmenGazet».