Ýokary gan basyşyndan zeýrenýän adamlar şugundyra köpräk üns bermelidirler.
Bu elýeterli gök önüm diňe günortanlyk naharyna ýakymly goşundy bolman, eýsem onda köp sanly ýokumly iýmit elementleri saklanýar. Esasan hem nitratlar möhüm rol oýnaýar, gan damarlaryna oňyn täsir edýär. Mundan başga-da, olaryň kömegi bilen organlarda kislorod üpjünçiligi ýokarlanýar.
Şugundyry gaýnadylan we çig halda iýip bilersiňiz. Şugundyryň şiresi hem peýdalydyr. Ol çişmegi azaldýar, damarlary gowulandyrýar. Ýokary gan basyşy azaltmak üçin günde 250 millilitr şiresini içmek ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa, ulanyş düzgünlerini ýatdan çykarmaly däldiris. Mysal üçin, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri bolan erkeklere we aýallara beýle bejergiden ýüz öwürmek maslahat berilýär. Diňe lukman bilen maslahatlaşandan soň, önümi süýji keseli, şeýle hem böwrek daşlary bolan we bogun agyry keseli bolan hassalar ulanyp bilerler.
Şemşat GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.