Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedeniň yzygiderli hereketde bolmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu babatda bedenterbiýe we sport biziň ýakyn kömekçilerimizdir.
Sport az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar.
Az hereketlilik (gipodinamiýa) çagalaryň ösmegine köp zyýanly täsirini ýetirýär.
Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdirilende, diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem köp duş gelýän bozulmalara getirip bilýär.
Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň tonusynyň hem-de bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna itergi berýär.
Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly toplumyny ulanmaga mümkinçilik berýär. Ol tebigy-biologik esaslary bilen keselleriň öňüni almaga ukyplydyr.
Welosiped sürmek çagalaryň fiziki ösüşini gowulandyrýar, uly adamlara saglyklaryny berkitmäge ýardam berýär.
Welosiped sürmek ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar.
Welosiped sürmek bilen meşgullanmak:
— durmuşda duş gelýän köp sanly ruhy we fiziki agramlyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär;
— gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini, şeýle-de bedeniň işjeňligini ýokarlandyrýar;
— akyl zähmeti bilen meşgullanýanlaryň wagtynyň köp bölegini iş ornunda oturmak bilen, oňurgasynyň gyşarmagynyň, madda çalşygynyň depgininiň gowşamagynyň we keseliň döremeginiň öňüni alýar.
Welosipedli arassa howada her gün bir sagat çemesi gezelenç etmek ukusyzlygyň, nerw dartgynlylygynyň aýrylmagyna ýardam edýär.
Bu hereketler myşsalary, dokumalary we beýnini kislorod bilen baýlaşdyrýar, beden dartgynlylygyny peseldýär, nerw ulgamyny köşeşdirýär, dem alşy kadalaşdyrýar.
Narjemal RUSTEMOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.