Remezan aýy dowam edýär. Bu mukaddes aýda bereketli saçaklarymyz özboluşly naz-nygmatlar bilen bezelýär. Şol nygmatlaryň biri hem hurmadyr. Düzüminde B witamini, kaliý, kalsiý we magniý ýaly ýokumly maddalary bolan hurma adam saglygyny berkitmekde örän peýdaly hasaplanýar.
Umumy peýdasy. Gadymy döwürlerden bäri adamlar hurma miweleriniň güýç we çydamlylygy berýändigine, ömrüň dowamlylygyny we bedeniň dürli ýokançlyklara garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýandygyna ynanyp gelýärler. Keselden soň dikeldiş döwründe hurmalar gowy gurplandyrýan we bedeni umumy berkidýän serişde bolup hyzmat edýär. Miwe örän ýokumly, açlygy çalt kanagatlandyrýar we bedeni peýdaly maddalar bilen doldurýar. Beýniniň işjeňligini gowulandyrmak üçin hem hurma iýmek peýdalydyr.
Gelip çykan ýurduna baglylykda, bu ekzotik miwäniň Medina mebrum hurmasy, Eýran hurmasy, Tunis hurmasy, Sugai hurmasy, Aswe hurmasy, Jennet hurmasy (Kaki), Meşruk hurmasy ýaly birnäçe görnüşi bar.
Täze hurmalar guradylan hurmalara garanyňda az bolýar. Täze hurmalar iki ýa-da dört gün sowadyjyda saklanylyp bilner. Guradylan hurmalary garaňkyda saklasaň, has uzak wagtlap saklap bolýar. Guradylan miweler çybyklar ýa-da galyndylar bilen doldurylan bolsa, onda ony iýmeli däl. Täze ýa-da guradylandygyna garamazdan, hurma satyn alanyňyzda organiki hiline üns beriň. Sebäbi bu ýagdaýda miwelerde zyýanly maddalar ýok.
Iýmit siňdirişiňizi güýçlendirýär. Hurmanyň düzümi metabolizmi güýçlendirýän we işjeň iýmit siňdiriş üçin möhüm süýümden doly. Hurmany yzygiderli iýýän bolsaňyz, içege ýa-da iç gatama ýaly näsazlyklaryň öňüni alyp bilersiňiz.
Hurma size energiýa berýär. Bu miwe şekeri tebigy ýagdaýda saklaýar. Hut şonuň üçin hem süýji bir zat iýmek isläniňizde, bu miwäni iýmeklik iň gowy energiýa çeşmesi bolup biler. Şokoladlardyr süýjüleriň ýerine işdäňizi kanagatlandyrmak üçin tebigy önüm — hurmany ulanmak maslahat berilýär. Şekeriň we kaloriýanyň köp bolmagy sebäpli hurmany seresaply we gözegçilik bilen iýmeli. Ol ýygy-ýygydan we aşa köp sarp edilse, semizlik we süýji keseliniň döremegine hem eltip berip biler.
Ukyňyzyň hilini gowulaşdyrýar. Rahat uky almakda kynçylyk çekýärsiňizmi? Onda hurma iýmek ukyňyzyň hilini gowulaşdyryp, rahat uklamagyňyza kömek edip biler. Hurma witaminlerden we minerallardan başga-da, bedeniň uky gormonynyň melatonini emele getirýän aminokislotaly triptofana hem baýdyr. Şol sebäpli hem käbir arap ýurtlarynda adamlar rahat uklamakda kynçylyk çekenlerinde hurma iýýärler.
Immun ulgamyny güýçlendirýär. Hurma antioksidantlara hem baý hasaplanýar. Ýagny, antioksidantlar bedendäki erkin radikallara garşy göreşýär hem-de bedenimiziň goraglylygyny goldaýar. Işleýän immun ulgamy ýokançlyklaryň we keselleriň öňüni alýar.
Horlanmaga kömek edýär. 100 gramda takmynan 285 kaloriýa bolan hurma käbir guradylan miweler ýaly köp kaloriýany öz içine alýar. Onuň düzümindäki şeker beýlekilerden tapawutlylykda, iýmit siňdirişini güýçlendirýän hem-de möhüm iýmitleri üpjün edýän iýmit süýümi bilen gaplanýar. Şonuň üçin süýjülikleri bişireniňizde şekeriň ýerine hurma ulansaňyz, uzak wagtlap sagdyn iýmitlenmek bilen birlikde horlanyp bilersiňiz. Günde belli bir mukdardan geçmeli däldigini hem aýtmak gerek.
Gülhan HALBAÝEWA,
Farap etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.