Sagdyn durmuşSlider

Ysmanak — saglyk üçin gerek

13-04-2022 / 20

Ýaprak görnüşli bu gök önüm, iň peýdaly 10 sany azyk önümleriň hataryna girýär. Italiýanlar bu oty toksinleri we duzlary endamdan daşary çykarmaga ukyplydygy üçin ony ikinji naharlarynyň ählisine diýen ýaly goşýarlar. Aziýa döwletlerinde, şol sanda, ýurdumyzda hem ysmanak köp iýilýän ter gök otlaryň biri bolup durýar. Ondan her dürli datly tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanýar.

Adamyň saglygyny goramakda ysmanagyň örän uly hyzmatlary bar. Ol howply çişleriň ösüşini bökdeýär. Alymlar her gün ysmanak iýýän adamyň ýatkeşliginiň gowudygyny, çalt pikir ýöretmäge, tiz netije gelmäge ukyplydygyny, akyl zähmeti bilen uzak wagtlap işjeň meşgullanyp bilýändigini belleýärler.  Bu ajaýyp ot peýniriň gapdaly bilen iýlende, nerw ulgamlarynyň işjeňligini artdyryp, öýjüklerini goramak  başarnygyny iki esse ýokarlandyrýar.

Ysmanagyň düzüminde köp mukdarda peýdaly nutriýenler; lýutein, kaliý,  mis, demir, B3, H, E ýokumlary saklanýar. Onuň düzümindäki lýutein beýni öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni alýar, olary dargamakdan goraýar. Kaliý we B3 ýokumlary bolsa ýürek etini pugtalandyrýar, gan başyşynyň we ýürek urgusynyň  kadaly bolmagyna itergi berýär. Ýöne ysmanagy gan basyşy ýokary adamlara  diňe lukmanyň belligine  görä iýmek maslahat berilýär.

Düzümindäki H we E ýokumlar gözler üçin peýdaly hem-de gandaky şekeriň kadaly saklanmagyny üpjün edýär.

Ysmanagyň deriniň täzelenmegine  hem haýry uludyr. Ysmanakdan taýýarlanan ýapgylar we ondan alnan şiresi derini terlendirýär, çyglandyrýar, ýüzdäki ýygyrtlary aýyrýar. Şeýle-de deriniň gasyn atmagynyň öňüni alýar.

Atajan ISMEDOW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu