Miwedir gök önümler bişirilende, olaryň düzümindäki saglyga köp peýdasy bolan maddalaryň ýitgisi bolup biler.
Häzirki wagtda çig iýmit tendensiýasy barha köpelýär. Hakykatdanam, nahar bişirmek, köplenç, iýmitleriň käbir iýmit aýratynlyklarynyň ýitmegine sebäp bolýar. Gök önümler we miweler beden üçin zerur witaminleri, minerallary üpjün edýändigi sebäpli, islendik deňagramly hem-de sagdyn iýmitlenişde möhüm iýmit toparlarydyr. Olary taýýarlamagyň buglamak, bişirmek, gowurmak, gril etmek ýaly birnäçe usuly bar. Şeýle-de, käbir miweler we gök önümler çig iýilende häsiýetlerini we peýdalaryny saklaýarlar.
Ine, çig iýilmeli iýmitler:
BROKKOLI
Brokkoliniň saglyga peýdasy barada öňem eşiden bolsaňyz gerek, ýöne çig iýmegiň nähili peýdasynyň bardygyny bilýärdiňizmi?
Brokkoli köp mukdarda sulforafany öz içine alýar, düwnük keseliniň, ýürek keselleriniň, çişmegiň, depressiýanyň we beýleki köp sanly saglyk bilen bagly keselleriň birnäçesiniň öňüni almaga ýardam edýär.
Geçirilen barlaglara görä, brokkoli bişirilmän çig iýilende bedenimiziň sulforafany has çalt siňdirýändigini görkezýär. Mikrotolkunda gaýnatmak ýa-da brokkolini duzlamak gök önümleriň C witamininiň derejesini peseldýär. Çig brokkoli halamaýan bolsaňyz, onda ony buglap görüň.
Sogan
Sogan – flawonoid kwersetiniň köp konsentrasiýasy bolandygy sebäpli, düwnük keseline garşy göreşmek üçin peýdalydyr. Sogan bişirmek, düwnük keseline garşy göreşýän fitohimiki serişdeleriň peýdasyny azaldýar.
Mundan başga-da, sogan, ýürek-damar keselleriniň öňüni alyp biljek maddalary özünde jemleýär. Geçirilen käbir barlaglarda, bişirilen soganyň 30 minutda ýürege ýakymly häsiýetlerini doly ýitirýändigini anyklapdyrlar.
Pomidor
Pes kaloriýaly pomidorlar esasan, suwa, likopene we witaminlere baýdyr. Olary C witamininiň ýokary mukdaryny saklamak üçin çig burç bilen birleşdirip bilersiňiz. Pomidorda bar bolan C witamin ýylylyk bilen ýitýär.
Sarymsak
Sarymsak hem sogan ýaly ýürege ýakymly maddalary öz içine alýar. Ýöne ýürek-damar keseliniň öňüni alyş häsiýetleri edil sogan ýaly ýylylyga täsir edýär. Sarymsagy 200°C-de 6 minut gyzdyrmak, onuň ýürege ýakymly häsiýetlerini düýbünden ýok edýär.
Sarymsagy 20 minut gaýnatsaňyz, onuň antibakterial häsiýetlerini doly ýitirersiňiz.
Gyzyl burç
Gyzyl burç – tagamlara tagam goşmagyň çalt we aňsat usuly hasaplanýar. Emma burç çig iýilýär. Immun ulgamyňyzy güýçlendirýän iýmitleriň arasynda gyzyl burç C witaminiň ajaýyp çeşmesidir. Ýöne ýylylyk burçuň düzümindäki iýmitleri ýok edip biler. Geçirilen gözlegler, kaýen burçunyň beýleki burçlara garanyňda antioksidantlaryň köpdügini görkezýär. Bu bolsa düwnük, süýji keseli, alsgeýmer keseli we başga-da köp keselleri döredip biler.
Şugundyr
Şugundyr 5 sany witamini özünde jemläp, kalsiý, demir, kaliý we belok ýaly köp sanly sagdyn iýmitler bilen gaplanýar. Şeýle hem olarda ýokary derejeli süýüm we fol turşusy (B9 witamini) bar. Bişirilen şugundyr fol turşusynyň we beýleki witaminleriň we minerallaryň 25 göterimini ýitirýär. Işdäaçarlaryňyza bir reňk goşmak isleseňiz onda hiç pikirlenmän şugundyr goşuň. Ýa-da beýleki çig gök önümler bilen sitrus miwelerini garyp, şugundyr işdäaçaryny taýýarlaň.
Ananas
Çig ananas iýmek, operasiýadan soň näsaglarda çişmegi we gögermegi azaltmaga kömek edýär.
Ajaýyp NOBATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.