Sagdyn durmuşSlider

Her selälikde limon suwuny içmegiň peýdalary

06-04-2022 / 57

Dürli ulanylyşy bilen saglyga köp peýdalary berýän limon, remezan aýynyň hem halasgäri hasaplanylýar. C witaminiň güýçli çeşmesi bolan limony, selälikde içýän suwuňyza garyp içseňiz,  ajaýyp peýdalaryny görersiňiz. Ine, selälikde limon suwuny içmegiň käbir peýdalary…

Kaliý, fol turşusy, mis, magniý we süýümini öz içine alýan limony ýyly suwa garyp içmek, bedene diňe bir C witamini bilen peýdaly bolman, eýsem, bedende suwuň zerurlygyny kanagatlandyrmaga-da ýardam edýär.

Günüň dowamynda suwuklygyň ýitmegi sebäpli dürli keselleri başdan geçirmezlik üçin ýokary hilli suw sarp etmek möhümdir.

Eýsem, limon suwy näme edýär? Limon suwunyň peýdalary näme? Selälikde limon suwuny içmek dogrumy?

Limon, düzüminde C witaminiň, antioksidant maddalaryň we minerallaryň köp bolmagy sebäpli iň peýdaly we bejeriş miwelerinden biridir. Şeýle-de bolsa, turşulyk derejesiniň ýokary bolmagy käbir adamlaryň limon iýmegini kynlaşdyryp biler. Bu pursatda, içýän suwuňyza goşýan limon bölejikleriňiz bilen onyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Limon suwuny içmek, iç gatamany we iýmit siňdirmezlik ýaly meseleleri bejermekde ulanyp boljak usuldyr. Selälikde ýyly suwa limon dilimlerini goşup, iç gatamagyna garşy göreşip bilersiňiz.

Limon C witamine baý iýmit bolany üçin suwa garylyp içilende immunitetimizi güýçlendirýär. Birnäçe sagatlap açlykdan we suwsuzlykdan soň immun ulgamyňyza zerur goldaw berýär. Limon suwuny sarp etmek bilen, bedendäki suwy saklamaga kömek edip bilersiňiz. Limon kaliýi öz içine alýan miwedir we limon suwuny içip, depressiýa, ynjalyksyzlyk hem-de stres ýaly ýagdaýlara garşy göreşip bilersiňiz.

Şeýle-de, limon, selälikden agzaçara çenli bedeniňizi täzelär!

Goçmyrat ROZYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu