Sagdyn durmuşSlider

Banan gabygyny zibile zyňmazdan öň…

30-03-2022 / 10

Banan gabygyny dogry we peýdaly ulanmaklygyň birnäçe ýolunyň bardygyny bilýäňizmi? Ine, banan gabygynyň dürli ulanylyşy:

— Eger-de ýüzüňizde düwürtik bar bolsa we bu sizi ynjalyk edýän bolsa, banan gabygy düwürtikleri azaltmaga kömek edýär.  Sebäbi banan gabygynda C we E witaminleri, kaliý, sink hem-de demir bar.  Bu iýmit toparlary çişen derini köşeşdirip, düwürtikleri azaldýar.  Banan gabygyny deriňize süreniňizden soň, 10 minut garaşyp, soňra ýyly suw bilen ýuwuň. Bu melhemi günde 2 gezek gaýtalaň we netijesini görüň!

— Kofe we ​​çaý ýaly käbir içgileri içenimizden soň dişlerde döreýän sary tegmilleri azaltmaga kömek edýär. Çünki banan gabygy kaliýa örän baýdyr.  Dişleriňizi ýuwuň we gowy ýuwlandan soň bananyñ gabygyny dişleriňize 2 minutlap sürtüň.  Dişleriňizi ýene gaýtadan ýuwuň we muny her gün gaýtalaň.  Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen dişleriňiziň nähili derejede üýtgändigini görersiňiz!

— Kümüş gap-gaçlaryň reňki wagtyň geçmegi bilen garalyp başlaýar. Eger siziň öýüňizde hem reňki garalan şeýle gap-gaçlaryňyz bar bolsa onda haýal etmän banan gabygyny alyň we blenderde goýuň. Garyndynyň içine ýarym bulgur suw goşup ony pasta görnüşe gelýänçä gowy edip garyň. Taýýarlan garyndyňyzy birnäçe minut kümüş gap-gaçlaryňyza gowy edip sürtüň. Soňra ony arassa çyg mata bilen süpüriň. Onuň nähili derejede ýalpyldaýandygyna öz gözüňiz bilen şaýat bolarsyňyz.
Onda näme, banan gabygyny zibil gutularyna zyňmazyňyzdan ozal ýene-de bir gezek pikirlenip görüň!

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Aziz HALIKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu