Köpimiz dynç almagy we az işlemegi halaýarys. Emma çenden aşa wagtymyzy boş geçirmegiň, ýagny hiç iş bilen meşgullanmazlygyň ynsan saglygyna ýaramaz täsir edýändigini hem unutmaly däldiris.
Bu hakykaty alymlar hem nygtaýarlar. Meselem, pensiýa çykanymyzda ýa-da işden çykanymyzda wagtymyzy boş geçirmek her kimiň hem ilkinji nobatda psihologiki saglygyna erbet täsir edip bilýär. Emma bu ýagdaýdan baş alyp çykmak biziň her birimize hem başardýandyr. Bir maksat tutunmak we şol maksada ýetmek üçin hereket etmek bilen biz diňe bir saglygymyzy däl, eýsem, durmuş ýagdaýymyz üçin hem peýdaly boljak işleri amala aşyrarys.
«TürkmenGazet».