Lukman we telealypbaryjy Aleksandr Mýasnikow «Rossiýa 1» telekanalynda süýt önümleriniň erkekleriň saglygyna edýän täsiri hakda durup geçdi.
«Organizme süýt we süýt önümleri bilen girýän kalsiý D witaminiň azalmagyna getirýär» diýip, hünärmen düşündirýär. Onuň bellemegine görä, D witaminiň mukdarynyň peselmegi giperkalsemiýanyň (ganda kalsiýniň aşa köp bolmagy) peýda bolmagynyň öňüni alsa-da, şonuň bilen birlikde, prostata ragynyň ösmegine sebäp bolup biler.
Hünärmeniň sözlerine görä, süýt zerarly prostatit keseliniň howpunyň ýokarlanýandygy hakda birnäçe ylmy makalalar ýazyldy. Şeýle-de, lukmanyň aýdyşy ýaly, bu günki günde bu delili hiç kim ret edip bilenok, bu bolsa erkeklere köpräk ätiýaçly bolmaga we günde süýdüň 300 millilitrden köp bolmadyk mukdaryny kabul etmeklige esas berýär.
«TürkmenGazet».