Hemmämiziň belet otumyz narpyz, hakykatdan, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişdesi eken. Taryhy çeşmeler narpyzyň — myhmansöýerligiň nyşanydygyny hem tassyklaýar.
Gadymy ýazarlar narpyzy myhmansöýerligiň nyşany diýip atlandyrypdyrlar, sebäbi sarpaly myhmanlar gelmezden ozal, grek öýleriniň toýun pollaryna bu oty seripdirler we myhman narpyzyň üstünden basanda, onuň ýakymly ysy tutuş otaga ýaýrapdyr. Rowaýatlarda bu ösümligiň ýüze çykmagyny Aidiň aýaly Persefona bilen baglanyşdyrýarlar — gabanjaňlyk girdabyna düşen aýal Hudaý rakybyny görmeksiz bir topbak ota öwrüpdir, mundan hapa bolan Hudaý bolsa onuň jadysyny açyp bilmänsoň, oňa ýakymly, hoşboý ys beripdir.
Türkmen halk lukmançylygynda narpyzyň şiresi diş agyrynyň, guragyrynyň, ýürek we bagyr keselleriniň, aşgazan başynyň dermany we gakylyk bölüp çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar.
«TürkmenGazet».