Tagamlary taýýarlamak

Gyşa taýýarlykly boluň, öý bikeler!

19-08-2021 / 30

Mürepbäni şekerli şerbetde gaýnatsaňyz has oňat bolýar. Almadyr armyt, erikdir ülje, garalydyr injir ýaly miweleri dilim-dilim edip ýa-da ikä bölübem gaýnatsaň bolar. Esasanam, üljedir böwürsleni, injirdir smorodinany şerbet usulynda gaýnadylsa, has gowy bolýar. Şonda mürepbe uzak wagtlap gaýnap dursa-da zaýalanmaýar. Gaýnadylan önümleri pytratman, eremän şol öňki durşuna, başda atarşyňyz ýaly durýar. Şerbedi dury bolýar. Mürepbe gaýnatmak üçin miweleriň iň oňadyny saýlamaly. Gaýnadylan mahaly öte biöen ýa-da bişmedik miweleri gaýnatmak maslahat berilmeýär. Sebbäbi olar sähel salym gaýnasa, ereme bilen bolýar.

Mürepbe bürünç, alýumin pitilerde, tabaklarda, poslamaýan gazanda gaýnadylsa gowy. Mürepbäni mis gazanda gaýnadýanlar hem bar bolsa gerek. Mis gapda turşy önümleri gaýnadaňyzda seresap boluň! Onuň gyrasynda okislenen ýuka gatlagyň ýokdygyna göz ýetirip, soň gaýnadyň.

Syrçaly gaplarda mürpbe gaýnatmak maslahat berilmeýär. Çünki syrça jaýrylyp, owunjak bölekleriň mürepbäniň arasyna düşmegi gaty ahmal. Eger onuň syrçasy gopan ýeri bar bolsa, gaýnan mahaly mürepbä demir ýygnaýar. Düýbi ýansa, aýyrmasy kyn bolýar.

Gaýnatmak üçin taýýarlanan önümler tabaga salnyp, üstünden gaýnap duran şerbet guýulýar. Bir kilogram miwä bir litr şerbet guýmaly. Şerbetiň süýjüligini miwä görä taýýarlamaly. Eger miwe süýji bolsa, 1 kg. önüme 1 kg. şeker, 400 gr. suw guýulýar. Turşy miwäniň 1 kilogramyna 1,2-1,5 kg. şeker gerek.

Miweleriň üstünden gaýnap duran şerbet guýlan badyna şerbetdäki şeker guýlan badyna şerbetdäki şeker olara siňip ugraýar. Miwäniň suwy bolsa şerbete goşulýar. Mürepbe sowadylyp goýulman, şol durşuna gaýnadylsa, önümler mürşüp, mürepbe ýaramaz bolýar. Şeýle bolmaz ýaly, köp miweleri birki baş gaýnadyp, otdan düşürmeli. Esli goýup soň gaýtadan gaýnatmaly.

Mürepbe gaýnap durka, birsyhly emele gelýän köpürjigi aýyrmagy unutmaň! Mürepbäniň taýýardygyny bilmek üçin, ilki bilen mürepbäniň ýüzündäki köpürjiklerine serediň. Şolar gabyň gyrasynda gaýyp ýörmän, ählisi gyradeň durmaly. Ýa-da onuň şerbetini çemçeden akdyryp görseňizem bolar. Eger mürepbe goýalan bolsa, çemçeden akanda süýnüp dursa, ony gaba guýup, agzyny mäkämleseňizem bolar.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu