Gerekli önümler
Hamyr üçin:
Un – 270 g
Şeker – 80 g
Ýumurtga – 1 sany
Mesge – 180 g
Hamyr tozany – 7 g
Duz – tagamyna görä
Doragly garyndysy üçin:
Dorag (9%) -750 g
Ýumurtga – 4 sany
Şeker – 160 g
Ýeralmanyň krahmaly – 25 g
Alma – 250-300 g.
Taýýarlanylyşy:
Hamyry üçin ilki bilen ýumurtga bilen şekeri mazaly garmaly. Üstüne mesgäni goşup ýene garmaly. Soňra uny, duzy we hamyr tozanyny goşup, hamyry taýýarlamaly. Taýýar hamyry 20-30 minutlyk sowadyjyda goýmaly.
Doragly garyndy üçin doragy, ýumurtgalary, şekeri we ýeralma krahmalyny bir gaba guýup garmaly. Almanyň daşyny aýyrmaly we ýarymaý şeklinde dogramaly.
Soňra howur peçde taýýarlamak üçin tegelek şekilli gaba mesge çalmaly ýa-da ýörite kagyz ýazmaly we üstüne tegelek ýaýylan hamyry ýerleşdirmeli. Soňra doragly garyndyny guýmaly we almalary islegiňe görä ýerleşdirmeli. Howur peçde 180 derejede 40-60 minut goýmaly.
Tagam taýýar bolansoň sowaýança garaşyp, myhmanlara we ýakynlaryňyza hödür edip bilersiňiz.
Işdäňiz açyk bolsun!