4 adamlyk
Taýýarlamak üçin: 20 minut
Gerekli önümler:
4 bölek mozarella peýniri
4 sany pomidor
Ýarym çaý çemçe duz
Ýarym çaý çemçe garaburç
Işdäaçar oty
4 nahar çemçe zeýtunýagy
2 nahar çemçe nar ýa-da limon turşysy
Taýýarlanylyşy:
Pomidorlary arassalaň. Mozarella peýniriniň suwuny aýryp, iri-iri edip dograň.
Pomidorlary we işdäaçar otlaryny hem mozarella peýnirleri ýaly galyň dilimler edip kesiň.
Bir dilim peýnir, bir dilim pomidor edip ýerleşdiriň. Üstüne azajyk duz, garaburç sepişdiriň.
Zeýtunýagy we nar turşusyndan hem akydyň.
Işdäňiz açyk bolsun!