Ojak gabyna düzülen towuklar, dürli reňkli gök-önümler birleşip, siziň we söýýänlerňiziň işdäsini açar.
Towuklar ojakda bişsede, hiç wagt guramaz. Esasy zat, gaba suw guýup, gapagyny ýapsaňyz bolýar. Soňra, gapdalynda tüwi we okroşka bilen serwis edip bilersiňiz. Gök-önümler hem reňk berer, hem-de saglygyňyzy berkider. Geliň indi bolsa nahary taýýarlalyň:
4 adamlyk
Taýýarlamak üçin: 60 minut
Gerekli zatlar:
4 sany towuk budy
3 diş sarymsak
3 sany ýeralma
1 sany sogan
2 sany käşir
1/2 bulgur nohut
1,5 bulgur suw
Sousy üçin:
1 nahar çemçesi pomidor tomaty
1 käse zeýtunýagy
Bir çaý çemçesi gyzyl burç
1 çaý çemçesi kekik
1 çaý çemçesi duz
Bir çaý çemçesi garaburç
Maslahat:
Ojakdaky gaby alýumin folga ýerine ýagly kagyz bilen ýapyp bilersiňiz. Isleseňiz üstüne aliminýum, aşagyna ýagly kagyz ýazyp bilersiňiz. Isleseňiz başga gök-önümler hem ulanyp bilersiňiz.
Bişip gelýärkä alýumin folgany ýada ýagly kagyzy aýyryp, 5 minut üstüni gyzdyryň. Emma köp açyk goýmaň, sebäbi nahar doly gurap biler.
Taýýarlanylyşy:
Towuk budlaryna pyçagyň kömegi bilen 2-3 kesik atyň.
Sousa gerek zatlary bir gapda garyň.
Içine kiçi dogralan soganlary, gabyklary aýrylan sarymsaklary we towuk budlaryny goşuň. Soňra garyň.Ojak gabyňyza düzüň. Soňra üstüni streç bilen ýapyň we 15-20 minut sowadyjyda garaşdyryň.
Ýeralmalary kiçi böleklere we käşirleri tegelek ýagdaýda dograň.Bir gapda duz bilen garyň. Sowadyjydan towukly gaby çykaryp, içine ýeralmany we käşirleri goşuň. Nohutlary hem goşup garyň. Soňra 1,5 bulgur suw goşup, üstüni ýapyň. Ilki gyzdyrylan 200 gradusly ojakda 35-40 minut bişiriň. Sonuňda 5 minut üstüni açyp bişiriň.
Işdäňiz açyk bolsun!
Şu gun edip gorjek.😍😍😍