Gerekli önümler: 200 g towuk, ýarym gyzyl bulgar, 1 bogdak şýawel, 1 sogan, 3 sany ýeralma, 200 ml ýaglylygy 10 % bolan gaýmak, islegiňe görä duz.
Taýýarlanyşy: 1,5 l suwda towugy gaýnatmaly. Çorbasyny sowatmaly. Soňra ýeralmany, sogany, bulgary arassalap, 4 bölege bölüp, çorba atmaly. Çorbany orta derejeli gyzgynlykda 10 minut pişirmeli. Soňra sowan towugy böleklemeli. Şeýle-de şýawel otuny arassalap, böleklemeli we towuk bilen şýaweli çorbanyň içine atmaly. Çorbany ýene 3-4 minut pişirmeli. Soňra blender bilen çorbany krem görnüşe getirmeli. Üstüne gaýmagy we duzy hem guýup, çorbany gyzdyrmaly. Yzygiderli garyp durmaly. Gyzansoň otdan aýyrmaly. Çorba taýýar.
Işdäňiz açyk bolsun!