HabarlarSagdyn durmuş

Redaktordan: Agyz beklenende aşakdakylara üns bereliň

15-04-2021 / 42

Mähribanlarym, Remezan aýynyň 3 gününi geçirdik. Elbetde, ilkinji üç günde adamyň organizmi öwrenişmänsoň, käbir kynçylyklary çeken bolmagyňyz ahmal. Öňümizde bir aýa golaý wagt bar. Agyz beklemek adam saglygy üçin örän peýdaly hasaplanýar. Adamyň organizmi dynç alýar we täzelenýär.

Agyz beklenende, üns beräýmeli käbir şertlere ünsüňizi çekesim gelýär. (Maglumatlar lukmanlaryň, diýetologlaryň maslahatlarynyň esasynda taýýarlanyldy.)

*Ilki bilen agyz beklemek üçin sagdyn bolmak gerek.

*Remezan aýynda agyz beklenende we açylanda köp mukdarda suwuklyk içmek maslahat berilýär. Aşa ýagly iýmitlerden daşda boluň.

*Remezan aýynda kofäni az mukdarda içmek maslahat berilýär. Onuň ýerine süýt, otly, miweli çaýlar, şireli içgileri içmek maslahat berilýär.

*Agyz beklenende, dürli witaminli iýmitlerden az-azdan iýmelidir. Mysal üçin, peýnir, ýumurtga, hurma, dürli miweler, gök önümler, ýeňil çorba peýdaly bolar. Hiç zat iýilmän, suw içip beklenen halatynda, saglygyňyza zeper ýetip biler.

*Remezan aýynda agzaçarda bolsa, ilki bilen suw bilen açyp, yzyndan hurma ýa-da dürli guradylan miwelerden iýilmelidir. Yzysüre çorba içilip, 15 minut ara wagt salmalydyr. Soňra agyr naharlara geçip bolar.

* Agzaçarda saçagyňyzda juda köp kaloriýaly süýjülikleri goýmazlygy maslahat berýäris. Onuň ýerine süýtli süýjülikler bilen saçagyňyzy bezäň.

*Agzaçardan soňra mümkin boldugynda açyk howada gezim etmäge çykyň.

(Howa-da bu günler agşamara juda ýakymly) .

Janyňyz sag bolsun, mähribanlar.

Orazaňyz kabul bolsun!

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu