
Ynsanlaryň arasyndaky gatnaşykda salamdan soňky söz saglyk bilen baglanşyklydyr. Aslynda halkymyz saglygyny başynyň täjine deňeýär. Halkymyzyň saglygyny döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza görelde bolýar.
«Saglyk – bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Az hereketli durmuş, kadaly iýmitlenmezlik, dyngysyz ýüregi sarsdyrýan durmuşy ýagdaýlar, işdäki kynçylyklar, ýaramaz endiklere ýykgyn bolmak, kadaly ukyny almazlyk – bularyň barysy ne owadanlyga owadanlyk goşýar, ne-de sagdynlygy berkidýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň esasy şygarlarynyň birinde şeýle diýýär: «Diňe keselleriň we beden kemçilikleriniň bolmazlygyny däl, eýsem doly fiziki, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik abadançylygynyň bolmagyny hem gazanmalydyr». Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňe gidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmeler üçin aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Sagdyn ýaşamak üçin, Döwlet Baştutanymyzyň «Saglyk – bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr» diýip belleýär.
Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, gowy dynç alyşlar we kadaly ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleri-bu beden maşklaryny yzygiderli edip, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi bu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär.
Hereketli durmuş – bu beden maşklaryny etmek, pyýada ýöremek, tämiz howada gezelenç etmek, tebigata gezelenje gitmekdir we sport türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşmakdyr. Bu zatlaryň hemmesi erjelligi talap edýär, ýöne edeýin diýseň başartmajak zat ýokdur. Şu ýokarda agzalan şertler bilen birlikde dogry iýmitlenmegiň talaplaryny hem berjaý etmelidir. Dogry iýmitlenilmese, sagdyn durmuş ýörelgesini edinmek mümkin däl. Muny lukmançylygyň hemme hünärmenleri hem tassyklaýar.
Dogry iýmitlenmek – ynsan saglygy üçin iň peýdaly ugurlaryň biri hasaplanýar. Munuň üçin ilki bilen gök önümleri, miweleri iýmelidir. Dogry iýmitlenmäniň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmaly we tebigy önümleri iýmäge ymtylmalydyr. Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme-sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.
Kesellerden goranyň – Ýiti respirator keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk kadalaryny dogry ýerine ýetirmeli. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly, öýleriňizi wagtal-wagtal ýelejiretmeli, penjireleri açyp, howasyny çalyşmaly. Bu babatda biz «Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýen ýörelgä eýermelidiris.
Gyzykly we sagdyn durmuşda ýaşamaga bolan ymtylyş, öňe hereket etmek, täze sepgitlere ýetmäge bolan höwes-bularyň hemmesi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maksady, hem netijesidir.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler munistrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.