Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyz dogry iýmitlenmäge, şeýle-de fiziki maşklary yzygiderli ýerine ýetirmeklige uly üns berýär. Muňa garamazdan, gerekli witaminler kabul edilmedik halatynda dürli keseller döräp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, lukmanlaryň maslahatlaryna üns bermek gerek.
Ganda gemoglobiniň mukdarynyň peselmegi bilen ganazlyk keseli döräp bilýär. Gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositlerde saklanýan gemoglobin belogy, ýaşaýyş hadysalary üçin wajyp bolan kislorody bedeniň ähli agzalaryna we dokumalaryna ýetirýändir. Gemoglobiniň mukdary peselende beden öýjükleri kislorod ýetmezçiligini duýýarlar. Bu bolsa, bedeniň işine ýaramaz täsir edýär. Ganazlylyk özbaşdak kesel ýa-da beýleki keselleriň alamaty hökmünde hem ýüze çykyp bilýändir.
Ganazlylygyň sebäpleri dürli faktorlara bagly bolup, şoňa laýyklykda, onuň birnäçe görnüşleri hem kesgitlenilýändir. Demir ýetmezçilikli ganazlylyk, ganazlylyk ýagdaýlarynyň 90%-ni düzüp, ol has ýygy duş gelýändir. Onuň sebäpleri aşakdaky ýagdaýlara bagly bolup biler: bedende ýüze çykan ýiti we dowamly ganakmalar, iýmitde demir ýetmezçiligi, aşgazan-içege ulgamyň işiniň bozulmalary, göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe hem-de ýetginjeklik döwrüne mahsus beden ösüşiniň tizleşme döwründe demriň köp sarp edilmegi.
Foliý turşulygynyň ýetmezçiliginde hem ganazlyk döräp biler. Ol iýmitde witaminleriň ýetmezçiligi, aşgazanyň keselleri, inçe içegäniň keselleri, bagyr keselleri, göwrelilik we çagalyk döwründe witaminlere bolan ýokary isleg, gelmintoz keseli ýaly sebäplere görä ýüze çykyp biler.
Ganazlylygyň ähli görnüşlerine mahsus umumy alamatlara deriniň solgunlylygy, başaýlanma, umumy gowşaklyk, kadaly fiziki agram salnanda demgysmanyň ýüze çykmagy, ýüregiň çalt urmagy degişli edilip bilner. Demir ýetmezçilikli we foliý ýetmezçilikli ganazlylykda umumy alamatlardan başga-da, bu görnüşe mahsus özboluşly alamatlar synlanyp bilner: dyrnaklaryň döwülmegi we olaryň şekiliniň üýtgemegi, saçyň düşmegi, deriniň guraklygy, dilde alawlama hadysasynyň (glossit) döremegi, tagam duýujylygyň üýtgemegi.
Ganyň umumy barlaglarynyň netijeleri gemoglobiniň bolmaly möçberinden pesligini görkezen halatynda, lukmana ýüz tutup, ganazlygyň sebäbini anyklamak we degişli bejergini almak hökmandyr.
Demir ýetmezçilikli ganazlylygyň bejergisi üçin düzümi ýeňil özleşdirilýän demire, beloga, C witaminine baý bolan ýokumly iýmit zerurdyr. Şeýle iýmite ilki bilen et we et önümleri degişli edilýändir. Ösümlikleriň düzüminde hem demir az bolmasa-da, ol içegelerden gana doly mukdarda geçmäge ukyply däldir. Miwelerden almany, armydy iýmek maslahat berilýändir. Süýt önümleri demre baý däldirler.
Berhiz saklananda, süýjüligiň çeşmesi hökmünde ary balyny ulanmak peýdalydyr. Ak üzüm şiresiniň, demriň içegelerden gana siňmegine oňaýly täsir edýändigini hem bellemelidir. Esasy naharlaryň ýany bilen et we et önümlerini iýmek maslahat berilýär. Olar düzümi demre baý bolan ýer almasy, çörek, dänelilerden taýynlanan tagamlar ýaly önümlerdäki demriň oňat özleşdirilmegine ýardam berýändir. Sitrus miweleri, turşumtyk miweler we iýmişler, itburunyň demlemesi hem şeýle häsiýete eýedir.
Adam saglygy üçin zerur iýmitleri we witaminleri iýmek zerurdyr. Sebäbi adam bedeninde ýeterlik witaminler bolan halatynda dürli kesellere garşy göreşmek ukyby hem ýokary bolýar.
Janyňyz sag bolsun, mähribanlar.
Saýtymyzyň bu sahypasynda indiki gürrüň etjek meselämiz “bagt ýetmezçiligi” barada bolar.