Tagamlary taýýarlamak

“Guş süýdi” torty.

27-03-2021 / 18

Hamyry üçin: 1 bulgur şeker, 1 bulgur un, 5 ýumurtga.

Kremi üçin: 4 bulgur süýt, 6 nahar çemçesi manny ýarmasy, 400 gr mesge, 2 bulgur şeker, 1 gap wanil külkesi, gabygy bilen gyrgyçdan geçirilen ýarty limon.

Şepbik üçin gerekli önümler we taýýarlanylyşy: Ýarty bulgur şeker, 3 nahar çemçesi kakao, 5 nahar çemçesi süýt,  65 gr mesge. Bularyň hemmesini syrçaly gaba guýmaly we haýaljak ýanýan otda garyp durmaly. Sähel wagtyň içinde ol erär we bulk-bulk etmäge başlar. Şonda soň ony otdan düşürip gowy sowatmaly. Bu şepbik bary-ýogy 4-5 minudyň içinde taýýar bolýar.

Kökesiniň taýýarlanylyşy: Bir gabyň içine 1 bulgur şekeri guýup üstüne 5 ýumrtgany çakýarsyňyz. Soňra olary şekeri eräp ak köpük bolýança garmaly. Bu garyndy gowy bolanda 2 essä golaý çişer. Soňra garyndynyň üstüne 1 bulgur ak uny ýuwaş-ýuwaşdan gar sepelän ýaly sepeläp, mikser bilen garmaly. Uny az-azdan goşsaňyz hamyrda hiç hili digirler galmaz. Özi-de täsin tarapy, hiç hili hamyr maýasyny ulanmazdan hem öz-özünden şeýle gowy çişer. Munuň sebäbi, uny az-azdan gowy garyşdyranlygyňyzdandyr. Soňra bu bulamagy içine ýag çalnan sajyň içine guýup, howurpeje salmaly we 20-25 minut geçýnçä howur peji açmaly däl. Şeýlelik bilen tortuň birinji gaty taýýar boldy. Ikinji gatyny hem edil şeýle edip bişirmeli.

Kreminiň taýýarlanylyşy: Gabyň içine 4 bulgur süýdi we 6 nahar çemçesi manny ýarmasyny guýup, örän haýal ýanýan oduň üstünde 1,5 sagatlap üznüksiz garyşdyryp durmaly. Hormatly okyjylar, 1,5 sagat diýmek örän köp wagt, şonuň üçinem şeýle haýal ýanýan oduň üstünde bişirmeli, hat-da oduň ýanýanlygy ýa ýanmaýanlygy zordan belli bolmaly. Şonda bu bulamak goýalýar we hat-da munuň manny ýarmasydygyda tanalmaz ýaly hala geler. Ondan soňra ýaňky bulamagy buz ýaly bolýança sowadyň.

Gowy sowandan soňra içine 2 bulgur şekeri goşup mikser bilen garyşdyryň. Soňra onuň içine gyrgyçdan geçirilen mesgeden az-azdan, ýagny 1 çemçe atyp, ýene garyşdyryň. Şeýdip tä mesge gutarýança dowam ediň, şonda ýaňky krem çişip 2-3 esse köpeler. Ondan soňra içine wanil külkesi bilen gyrgyçdan geçirilen ýarty limony goşup, ýene-de mikser bilen garyşdyryň. Şonda krem gar ýaly agarar. Soňra taýýar bolan kremi ozalda bişirilip we sowadylyp goýlan sarymeňiz kökesiniň (biskiwitiniň) üstüne çalmaly. Ilki kremiň ýaryny çalmaly, sebäbi krem ýaýrap gitmegi mümkin. Şonuň üçin kremiň ýaryny çalyp, sowadyjyda goýmaly. Krem bir az gataşansoň galan ýarysyny hem çalyp ýene sowadyjda goýmaly. Soň üsti kakaoly şepbigi (glazury) çalmaly.  Şepbik mylaýym ýagdaýda tortyň üstüne birden guýulmaly. Şonda  şepbigiň öz-özi hemme ýerine ýaýrap çalynar. Soň torty  5-6 sagat sowadyjyda goýmaly. Ine, size guş süýdi torty. Işdäňiz açyk bolsun! Goňşy-golamlaryňyza, dost-ýarlaryňyza dadyrmagy ýatdan çykarmaň!

 

Gülşat Çetiliýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu