ReportažSöhbetdeşlikŽurnalistiň sahypasy

Orazguly Annaýew: “Ýaşlar ýazsa, bizem okasak, haýran galsak…”

24-03-2021 / 25

….ýa-da uly ynam barada kiçiräk söhbet…

Söhbetdeşligi taýýarlan: Merdan Baýadow

 

Öňümde ak kagyz−päklik nusgasy,
Ýaşalmadyk ömri ýaly ynsanyň.
El degirer ýaly, ýazar ýaly däl,
Kir-kimirsiz bolaýmasa ynsabyň.

Galam bilen kagyz özüni şahyr hasaplaýan her bir kişi üçin mukaddes. Ýöne mukaddeslikleriňem görnüşi kän. Kim üçin ýazylmadyk kagyz− heniz söýüp görmedik ýazyksyz päk ýürek bolup, galam hem şol ýürek bilen aradaky köpri
bolsa, kim üçin ak kagyz iň arzyly şygryň ýyldyz deýin ýalkym saçjak arassa asmany.Şahyr bolsa, galamyna söýenip, şol owadan ýyldyzyň saçýan şöhlesi arkaly göwün gözi bilen tutuş dünýäni synlaýar…

Ýokarky bentdäki hem biziň ýazgymyzdaky beýan edilýän görnüşler şahyr ýüreginiň çeper meňzetmeleri. Hut şolar hem şahyry şahyr edýär. Ýok, şahsyýeti şahyra öwürýär. Öz meňzetme aýratynlyklary, pikir çuňluklary, duýgy dünýäsiniň köpöwüşginliligi bilenem şahyr şahyrdan tapawutlanýar. Biz her şahyryň döredijiligine ser salanymyzda, bilib-u-bilmän onuň başga şahyrlara meňzemeýän taraplaryny duýýarys. Şol duýgy hem bizi ol şahyryň ruhy dünýäsinde goşgy ýazdyrmaga mejbur edýär. Bu meýletin mejburylyk hakyky okyjynyň bagty, hakyky şahyryň bolsa, iň beýik maksady…

Men bu halypa şahyryň ýurdumyzyň baýry edebi žurnallarynyň birinde yzygiderli çap edilen “Edebi we ebedi pikir parçalaryny” okapdym. Ol ýazgylary okamak bilen meniň maksadym poeziýadan söz açýan düýpgöter başga bir dünýä düşmekdi welin, ol diýenim o diýen başa barmady. Men pikir parçalaryny okadygymça bir görseň öz-özüm bilen gürleşýan ýaly, bir görseňem öz sözlerime “hä” berip oturan söhbetdeş bilen oturan ýaly ahwaly başymdan geçirdim.

Onsoň öz ýanymdan “Bu megerem okyjyny duýup, oňa näme gerekdigini bilip bilýän ýazyjynyň artykmaçlygydydyr” diýip pikir etdim.Ýüregimdäki edebiýata bolan söýgim bolsa, bu ahwallary hakykatdanam başymdan geçirmäge, halypa bilen ýüzbe-ýüz oturyp söhbet etmäge mümkinçiligiň hem bardygy hakynda häli-şindi aňyma çawuş çakdy durdy. Şonuň üçinem men halypany onuň bilen edebiýat, poeziýa hakynda gürrüňdeş bolasymyň gelýändigi barada habarly etdim. Halypa şahyr muňa tüýs ýürekden begenip, meni öz ýanyna çaýa çagyrdy. Menem “Ne çaý küýsär, ne çaýhana. Söhbetdeş islär göwün” diýip, ýola düşdüm. Ine-de men “GARAGUM” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Orazguly Annaýewiň iş otagynda. Ilki bir-birek bilen, has dogrusy men bilen ýakyndan tanyşlyk, soňam gürrüňimiz esasy maksadymyza−edebiýat, poeziýa hakdaky söhbede syrygyp gitdi…

−Orazguly aga, biz entek ýaş, gögele. Poeziýa eýle bolmaly, beýle bolmaly diýere heniz eden işimizem ýok. Belki biagyrlykdyr, belki-de tejribesizlik? Siz men diýen ýaşdaky dörediji ýaşlaryň bu ýagdaýynyň sebäbini hem halypa, hem ýaşlyk möwritini başyndan geçiren şahyr hökmünde nämeden görýärsiňiz?

−Haýsydyr bir zady juda üns beribem, ony halys ünssüz galdyrybam berbat edip bolýar. Ýöne dörediji ýaşlar zat däl-de, janly adamlar ahyry?! Özem edebiýat dünýäsine aralaşyp, ol dünýäde öz yzyny galdyryp adyny ýazyp gitmek isleýän ýaşlar. Siz söz bilen işleşýäňiz ahyry. Heme zat sözden başlanýar. Edebýata ýaňy gadam goýan ýaşlar bolsa, gönüden-göni söz bilen işleşmegi özüne ykbal edip saýlan adamlar. Eý-ho, beýle maksady öňüňde goýmak, iň bolmanda onuň arzuwyny edip bilmek üçinem atyň kellesi ýaly ýürek gerek . Ýöne ine şu ýerde-de çaprazlyk ýüze çykýar duruberýär. Hany şol maksady öňde goýan uly ýürekli joşup duran ýaş döredijiniň eden, iň bolman etjek bolýan edebiýat bähbitli işi?

Düşünýän, seňem soragyň şu, nämüçin beýle? Biz aýny bolmasa, şahyra ýazmak üçin şert gerek diýýäris. Çar tarapymyz şertden doly, ýöne olar şahyryň şertleýin kemala gelmegi üçin niýetlenen däl. Teleýaýlymy aç, her ýaýlymda diýen ýaly dörediji ýaşlara maslahat berýän, olaryň öz döreden eserlerini ile ýetirmäge mümkinçilk berýän gepleşikler bar. Ýokarydyr orta okuw jaýlary öz haýsy ugurdan okadýandygyna garamazdan hälimi-şindi talyp-okuwçylaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini, halypa ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirip durlar. Ýaşlara döwlet derejesinde geçýän abraýly bäsleşiklere hem gatnaşma diýýän ýok. Ýa-da haýsy halypa ýazyjy-
şahyryň ýanyna maslahat sorap barsaň saňa maslahat bermezler öýdýäň?! Ine özüň şaýat, ikimiz hiç bir zowalsyz gürleşip otyrys. Internet ulgamyndan doly peýdalanmak diýermiň, garaz, görşüň ýaly daşky ýagdaýlar gowy, hatda gaty gowy eken.

Diýmek, meseläni içden gözlemeli bolýas, diýmek, edebiýata aralaşmak isleýän ýaşlaryň köpüsi öz borjuna düşünmeýän eken. Ilki gowy başlaýanlary köp, ýöne soňky döwür ýoň bolan ýaltaçylyk keseline ýolugýanlary az däl. Ýaltaçylyk bolsa döredijiligiň ýagysy. Ýa-da köp ýaşlary diňläp oturýaň welin, setiri setire sapyp bilmek, çap edilmek şahyr bolmakdyr öýdýärler. Şahyr bolsa, owalynda şahyr bolup dogulmaly. Ol özüniň beýlekilerden aýratyn
ynsandygyny−şahyrdygyny duýmaly. Özüni derňemeli, taplamaly. Onuň şygry ýazylmaly däl-de, dünýä inmeli. Şu gün aňsat usullara kowalaşyp, ertir özüňden uly zatlara garaşyp bolmaz. Okap-okap, ýazyp-ýazybam, irginsiz öz üstüňde
işläbem belli bir sepgitlere ýetip bolar. Olam elhal. Ýöne men-ä edil häzir şony şeýtmelidigine düşünselerem bagt biljek. Dogrymy aýtsam, ýaşlaryň  döredijiliginden doly kanagatlanýaryn diýsem ýalňyş bolar. Ýazyp bilýänler-ä azman ýörler, ýazyp bilmeýänlerem ýazyp. Bir umumy nokada gelmeli bu babatda. Ýogsa, ikarada edebiýata, okyja agram düşýär.

−Aýdanlaryňyz dogry, halypa. Meň özümem şaýat. Gowy ýazýan deň-duşlarymyzyň “ýazmaly özä…” diýip ýöne näme üçindir ýazmany ýörenlerine kän gabat gelýän.

−Belki-de eýýäm ýetjek derejelerine ýetendiris öýdüp ýörendirler?!

−Onuň beýle däldigine-hä men size kepil geçip biljek. Olaryň, meniň tanaýşym boýunça özlerinden talaplary uly. Meger, şolam böwet bolýandyr. Ýöne nesip bolsa, ýazarlar, halypa.

−Şulary eşitmegem bizi begendirýär. Belki…

−Indi biraz poeziýanyň daşyndaky ýagdaýlardan daşlaşyp, onuň içine girsek.

−Meselem?

−Meselem, meň bilşimçe, okyjylaryň içinde-de şahyrlaryň içinde-de şygyrda
pikir esasymy ýa duýgy diýen jedel bar. Bu hakda näme diýip bilersiňiz?

−Pikir, şygryň döremeginiň sebäbi. Sebäpsiz hiç zat döremeýär. Şygyr-a asylam. Sen näme we nähili sebäbe görä iş etdiň, hut şolam seniň ýüregiň güýjüni görkezýär. Seniň goşgydaky pikiriň göni beýnä barýar we şol ýerde galmagy başarmaly. Täze şygyr ýazyp sen öz okyjylaryňy biynjalyk edýändigiňe düşünmeli. Adamlary ähmiýetli zat aýtmak üçin biynjalyk etseň ýagşy. Duýgy−şygryň owadanlygy, sypaýylygy, şirinligi. Sen özüňdäki pikiri okyjyňa mümkin boldugyndan çeper, düşnükli, sazlaşykly aýdyp başarmaly. Olar şahyryň ukybyny, zehin derejesini, özüne ynamyny, göwün gözelligini kesgitleýär. Meň pikirimçe, şygyr dörejek bolanda böwrüňde bükgüldi, ýüregiňde-de tirpildi, tolgunma döredýär. Ana, şol bükgüldi−pikir, tirpildi bolsa duýgy. Birden ylham şemaly çalyp döretmegiňem, hut şol ikisiniň oýanmagy bilen. Onsoň nädip olary biri-birinden aýyrjak. Duýgynyň tarapyny çalýanlar aşa owadan şygryň aşyklary, pikiriň tarapymy tutýanlaram has ähmiýetli meseleleri gozgamagyň tarapdarlary
bolsa gerek…

−Ýaş döredijilere näme maslahat berýäniňizi soramag-a geregem bolmady. Ýaşlar bilen bagly edebi meselä başda durup geçdik. Ýöne onda-da olara aýtjak zatlaryňyz, arzuwlaryňyz bar bolsa?!..

− Köpräk dil öwrenjek bolsunlar, daşary ýurt eserlerini öz dilinde okamak has-da täsirlidir. Rus şahyrlary Ýuriý Kuznesowyň, Wasiliý Kazansewiň goşgularyny rusça okamak bir başga. Arzuwym, ýaşlar-a ýazsalar, bizem okasak, haýran galsak, guwansak, begensek…Men ýaşlara şahyrana ykbaly, ganatly göwni, ullakan ýüregi arzuw edýän. Şularsyz şahyr bolup edebiýatda galyp bolmaýar. Hem-de ýene bir tabşyrjak zadym, özüňizden uly tama edilýändigini birje minudam unutmaň. Beýik işler durmuşa geçirilýän döwrümizde özüňizi beýgeltmek mümkinçiliginden
binesip galmaň.

−Söhbetdeş bolanyňyz üçin sag boluň, halypa. Görşüp, maslahatlaşyp
duralyň!

−Hökman! Senem sag bol!

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu