HabarlarSlider

Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Paýtagtymyz

02-06-2025 / 197

Düýn Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bellenilişi ýaly, dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Çykyşlardan soň dabara gatnaşyjylar täze merkeziň düýbüne ilkinji beton garyndysyny guýdular. Ilki bilen, ýaşuly nesliň wekilleri täze merkeziň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdylar. Soňra bolsa ýetginjek ýaşlar we çagalar hormatly ýaşulularyň göreldesine eýerip, beton garyndylaryny atdylar.

Täze merkezde çagalaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklar hereket eder, sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar gurlar.

Şeýle hem bu merkeziň çäginde Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasy gurlup, onda teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagy gurnalar we kitaphana döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediler.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu