Söz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Zenan — mähir dünýäsi

07-03-2025 / 65

Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, zenan mertebesiniň neneňsi ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar. Geçmişde edermenligi bilen müdimi yz galdyran Tumar şa, Türkan hatyn, Altynjan hatyn, Güljemal han ýaly zenan şahsyýetlerimiz gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda hem zenanlarymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dünýäniň görküne deňelýän zenanlarymyzy hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, mähriban zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, olara döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramagynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň geçirilmegi bolsa ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Halkara zenanlar güni mynasybetli, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Altyn nesil köçesiniň ugrunda 4 gatly, 48 we 64 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 3-siniň, şeýle hem mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän maşgalalar üçin niýetlenen 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Şeýle hem asylly däbe görä, ýurdumyzyň zenanlaryna — eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan 60 manat möçberde pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş ýörelgelerimiz esasynda berkarar Watanymyzda mähriban zenanlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Biz — zenanlara aýratyn sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şirin HANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu