
8-nji mart dünýä ýurtlarynda indi 100 ýyldan gowrak wagt bäri Halkara aýallar güni hökmünde bellenilip gelýär. Maksady dürli-dürli bolsa-da, bu gün hiç bir ýurtda-da öz ähmiýetini ýitirenok. Geliň, günüň gelip çykyşyny we däp-dessurlaryny öwreneliň.
1909-njy ýylyň 28-nji fewralynda Amerikada fewral aýynyň soňky ýekşenbesinde ilkinji Milli Aýal-gyzlar güni guraldy. 1910-njy ýylda Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň aýallar bölüminiň ýolbaşçysy Klara Zetkin bu günüň dünýäniň ähli ýerinde bir wagtda bellenilmegi üçin Bütindünýä halkara aýallar güni ideýasyny teklip etdi. Şoňa görä-de, 1911-nji ýylda ilkinji Halkara Aýal-gyzlar güni geçirildi. Oňa Germaniýadan, Şweýsariýadan, Awstriýadan we Daniýadan 1 milliondan gowrak adam gatnaşdy.
1917-nji ýylda Russiýada aýallar Birinji Jahan urşuna garşy çykmagyň we gender deňligini goldamagyň usuly hökmünde “çörek we parahatçylyk” üçin iş taşlaýyşa başladylar. Şol döwürde ýurduň Lideri patyşa Nikolaý II muňa täsir etmedi we Petrogradyň generaly Habalowa protestleri bes etmegi we boýun egmek islemedik islendik zenanlary atmagy tabşyrdy. Emma aýallar gorkmadylar we patyşanyň birnäçe günden soň işinden aýrylmagyna sebäp bolan protestlerini dowam etdirdiler. Şondan soňra wagtlaýyn hökümet Russiýadaky aýallara ses bermek hukugyny berdi.
1975-nji ýyly “Halkara aýallar ýyly” diýip atlandyran Birleşen Milletler Guramasy ilkinji gezek 8-nji martda Halkara aýallar gününi belledi. Şondan bäri BMG her ýyl geçirilýän çäräniň esasy hemaýatkäri boldy we dünýäniň has köp ýurduny bu baýramçylygy kabul etmäge çagyrdy. Şonuň bilen birlikde “taryhda adatdan daşary rol oýnan ýönekeý aýallaryň batyrgaýlyk we tutanýerlilik hereketlerini” ýörite bellemegi maksat edinýär.
Uzykjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.