
Zenanlaryň iň halan gülleri adatça reňkleri, ysy we manysy bilen tapawutlanýar. Ine, iň meşhur güller we olaryň özboluşlylygyna laýyklykda aňladýan manylary:
Roza – söýgüniň we romantikanyň nyşany diýsek ýalňyşmarys.
Gyzyl gül – söýgi we mähir.
Ak gül – päklik we ynam.
Mämişi gül – höwes we joşgun.
Liliýa – asyllylyk.
Ak liliýa – päklik we ruhy arassalyk.
Sary liliýa – begenç we dostluk.
Tulpan – bahar pasly we täze başlangyçlar.
Gyzyl tulpan – çuňňur söýgi.
Sary tulpan – bagt we ýagtylyk.
Orhideýa – nepislik we täsinlik.
Gyzyl orhideýa – joşgun.
Ak orhideýa – päklik we asyllylyk
Pion – bagtyýarlyk we abadançylyk.
Lawanta – rahatlyk we asudalyk.
Zenanlaryň halaýan gülleri diňe owadanlygy bilen däl, eýsem, aňladýan manylary bilen hem özüne çekýär. Her gül söýginiň, dostlugyň, bagtyň ýa-da rahatlygyň bir nyşany bolup biler. Şonuň üçin gülleri saýlanyňyzda olaryň aňladýan manylaryny-da göz öňünde tutmak has täsirli bolar. Mähriban zenanlar güller ýaly owadan pursatlar siziň bilen bolsun!
Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun!
Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.