
Tebigy usullar bilen ýasalan maskalar saçymyzyň sagdyn we çalt ösmegine ýardam edýär. Bu 7 usul bilen saçyňyzyň sagdyn öser!
Aspirini – suwa atyp şol suwy ulansaňyz, saçyňyz güýçlener we öňküsinden çalt ösüp başlar.
Sogan, darçyn we sarymsak – bu üçlügi gaýnadyp, saçyňyza çalsaňyz, saçyňyz günsaýyn ösüp başlar. Sogan we sarymsagyň antioksidant häsiýetleri bize mälim bolsa gerek. Bu usul bilen güýçli we sagdyn saçlara eýe bolup bilersiňiz.
Saç daramak – günüň dowamynda saçyňyzy köpräk daramak maslahat berilýär. Çünki saç daramak kelläňizdäki gan aýlanyşygy çaltlaşdyryp saçyňyzy ösdürip başlar.
Kartoşka, ýumurtga we bal – gaýnadylan kartoşkanyň suwuny ýumurtganyň sarysy we bal bilen garyp saçyňyza çalyň. Soňra saçyňyzy ýuwuň. Bu maskany hepdede bir gezek çalsaňyz, saçyňyzyň parlaýandygyny we sagdyn ösýändigini görersiňiz.
Gyzyl turp we ýumurtga – gyzyl turpy dograp 2 stakan suwda gaýnadyň. Ýumurtganyň sarysyny gaýnan suwuňyz sowandan soňra goşuň. Bu saç maskasyny hepdede bir gezek çalyň.
Käşir we ýumurtga – iki sany käşiri 2 litr suwda gaýnadyň we ýumurtga sarysyny goşuň. Bu garyndyny saçyňyzda biraz saklanyňyzdan soň, ýuwuň. Bu tebigy maskany hepdede bir gezek ulanyp, saçyňyzy uzaldyp bilersiňiz.
Alma sirkesini – saçyňyza çalsaňyz, saçlaryňyz ýalpyldar we has çalt ösüp başlar.
«TürkmenGazet».