Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň işewür gelin-gyzlary we zenan ýolbaşçylary ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde barha işjeň orny eýeleýärler. Olar kompaniýalary üstünlikli dolandyrýarlar, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýärler hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle zähmetsöýer zenanlaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Zerhal Narmamedowadyr.
Güler ýüzli, açyk göwün ynsana «Işewür zenanlaryň öňbaşçysy» diýsek-de, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki guramaçy, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer zenanyň iş tejribesi ýetik. Bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine işewür zenanlarymyzyň mynasyp goşandynyň bardygy bolsa diýseň buýsandyrýar.
Zerhal Narmamedowa özüniň iş we durmuş tejribesini, bilýänlerini, başarnygyny hiç kimden gaýgyrmaýar. «Halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek häzirki wagtda döwrüň gazanan gowulyklarynyň durmuşa geçmesinde esasy zerurlyk bolup durýar. Ýaşlary durmuş bilen ýakynlaşdyrmakda halypa göreldesiniň zerurdygy ikuçsuzdyr» diýip, ol hemişe nesilleriň baglanyşygynyň durmuşyň aýratyn şerti bolup durýandygyny hakyky mysallaryň üsti bilen nygtaýar hem-de munuň şeýledigini iş ýüzünde subut edýär.
Işbaşarjaň zenanyň gysgaça terjimehalyna ser salsak, ol 1986-njy ýylda häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. 2000-nji ýylda «Saglyk» hususy kärhanasynyň başlygy, 2015-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde asylly zähmet çekip gelýär.
Türkmen halky sadadan hormatly, birek-birege wepaly, ynsanperwer häsiýetleri, milli gymmatlyklara goýýan belent sarpasy bilen tapawutlanýar. Şeýle häsiýetler ynsany bezeýär. Öý-ojaklarymyzyň bezegi bolan mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň halkymyzyň millilik ýörelgeleriniň, köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamat dowam bolmagynda aýratyn hyzmatlary we tagallalary bardyr. Bu babatda Zerhal Narmamedowa aýratyn uly orun degişli. Ol hemişe milliligimizi goramak, ony has-da baýlaşdyrmak, geljek nesillere ýetirmek babatda görelde görkezýär.
Işewür zenan watansöýüjiligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň hem belent mekdebini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli telekeçilige ýaşlary giňden çekmek, olaryň tekliplerini öwrenip, önümçilige ornaşdyrmak babatda alyp barýan işleri, ýaşlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklary onuň şahsy häsiýetini has-da beýgeldýär. Ol belent adamkärçiligiň, iň gowy duýgularyň öz iliňi, eziz Diýaryňy söýmekden, oňa buýsanmakdan başlanýandygyny hemişe tekrarlaýar. 2021-nji ýylda onuň Türkmenistanyň «Watana bolana söýgüsi üçin» medalyna hem-de şol ýylda «Zähmet weterany» derejesine mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň beýanydyr. Awstriýa, Italiýa, Belarus Respublikasy ýaly döwletlerde iş saparynda bolmagy, onuň tejribesini has-da baýlaşdyrdy.
Işbaşarjaň zenan Zerhal Narmamedowa hem özüniň ýürek buýsanjyny şeýle paýlaşýar:
— Müň dokuz ýüz togsan biriň güýz paslynyň ajaýyp gününde gazanylan milli Garaşsyzlygyň türkmen halkyny baky bagta ýetirendigine şu günki erkana ýaşaýşymyz, bagtyýar durmuşymyz, ösüş-özgerişli ajaýyp döwrümiz şaýat. Her bir raýatyň alnyndan Gün bolup dogan, ykbalyna oňyn täsirini ýetiren beýik Garaşsyzlyk milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna getirdi. Garaşsyzlygyň ajaýyp miwesi bolan ýurdumyzyň hususy pudagy özbaşdaklygyň, erkinligiň, «öz eliň, öz ýakaň» bolmagyň gadyr-gymmatynyň başgaçadygyny aňryýany bilen subut edip, ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrüldi. Bize ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Görnüşi ýaly, bagtyýar zenanyň ýüregi owadan bolýar. Owadan ýürekden hem diňe owadan alkyşlar çykýar. Häzir ol üç çagasynyň, agtyklarynyň bagtyna guwanyp ýaşaýar. Olaryň hersiniň dürli ugurlarda halkymyza hyzmat edip ýörmegi işbaşarjaň zenanyň — mährem enäniň buýsanjyny hasam artdyrýar.
Biz hem onuň alkyşa beslenen ýürek buýsançlaryna sesimizi goşup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Ruhiýa HAÝDAROWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň 2-nji derejeli mugallymy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzasy, welaýat halk maslahatynyň agzasy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.