Söz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Zenanlaryň saglygy — geljegiň aladasy

28-03-2024 / 15

Geçmişe göz aýlanyňda hem gelin-gyzlarymyzyň maşgalada mertebesi belent bolupdyr. Ata Watanymyzda ýürekleri buýsançdan, mähirden doly zenanlar barada edilýän alada döwlet derejesine çykaryldy. Zenanlarymyz döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň belent ösüşler bilen öňe gitmegine öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda zenanlaryň saglygyny goramak babatda hem uly işler alnyp barylýar.

Sport bilen meşgullanýan adamlar sagdyn hem-de ruhubelent bolýar. Bu bolsa her bir adam üçin zerurdyr. Zenanlar barada aýdylanda, sport olaryň durmuşynda has hem uly orun eýeleýär. Çünki her bir zenan maşgala uzak wagtlap ýaş hem owadan, syrdam-syratly hem görmegeý bolmagyň arzuwynda. Ýokary görkezijiler sport bilen meşgullanýan gelin-gyzlary synlasaň, munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Sportuň hut zenan maşgalanyň beden synalaryny sagdynlaşdyrýan hem pugtalandyrýan  görnüşleriniň bardygyny hem bellemelidiris.Sport her bir zenanyň hemişelik hemrasy bolmalydyr. Gyz maşgala sport tanslary bilen meşgullanmak örän peýdalydyr.Tans hereketleri gyz maşgalanyň keşbine sypaýylyk, synalaryna çeýelik, oturyp-turşuna asyllylyk, süňňüne ýeňillik çaýýar. Sport size diňe peýda, sagdynlyk hem ruhubelentlik getirer.

Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Şeker ÝARAŞOWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň ultrases lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu